«7/24. tm», №21 (156), 22.05.2023.
Meşhur pereňli Arsen Wengeriň «eýýamyny» Unai Emeri mynasyp dowam etdirer öýdüpdik. Emma «Sewilýa» bilen 3 gezek, «Wilýareal» bilen 1 gezek Ýewropanyň Ligasynda ýeňiji bolan ady özünden öňde gelýän Emeri «Emiraýtesde» («Arsenal» öz meýdançasyndaky oýunlary «Emirates Stadium»-da geçirýär) Arsen Wengeriň entek ot bitip ýetişmedik ýeňişli ýoluny dowam etdirip bilmedi.