Ýol ba­şyn­da

21 Maý 2023
428

«7/24. tm», №21 (156), 22.05.2023.

Gi­jä­niň ýa­ry elekt­ron poç­ta how­sa­la­ly hat gel­di. Gys­ga ma­ny­sy şeý­le­räk: ýa­şaý­şyň ma­ny­sy nä­me; bu dün­ýä ýa­şa­ny­ňa deg­ýär­mi; dur­muş­da ada­myň or­ny ni­re­de; adam jem­gy­ýe­te tä­sir edip bil­ýär­mi ýa ýok bol­mak üçin bar bol­duk­my? Şeý­le ma­ny­ly so­rag­lar böw­rü­me ün­ji bo­lan dö­wür­le­rim — ýaş­ly­gym ýa­dy­ma düş­di. Adam ýaş­lyk­da al ho­wa­da dar­ty­lan ýü­püň üs­tün­de eli leň­ňer atyp du­ran uzyn ta­ýak­ly ýö­re­ýän dar­ba­za ça­lym­daş. Leň­ňe­riň bir ta­ra­py­na ag­dary­lyp gaýt­man, de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­lap, sag-aman o çe­te aş­mak­da iş bar. Haý­dan haý ha­tyň eýe­si­ne jaň et­dim: «Dün­ýä gö­zel­dir, inim, äh­li ar­ty­gy – ke­mi bi­len gö­zel­dir, ony söý­mek, ru­hu­ňy be­lent tut­mak la­zym, «Ge­len ge­çer, go­nan gö­çer adam­zat, // Ýö­ri, sen hem bir men­zi­le ýe­ter sen» (Mag­tym­gu­ly) ...