Asuda asmanly, parahat Watanymyzda däp bolup gelşi ýaly, her ýylyň 9-njy maýynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy mynasybetli milli gahrymanlarymyz hatyralanýar. Ýeňiş baýramynyň dabaralary bütin ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem talyplar we mugallymlar Ýeňiş baýramyny dabaralandyran çärelere işjeň gatnaşýarlar. Okuw mekdebimizde guralýan medeni-sport çärelerinde türgenler başarnyklaryny görkezseler, aýdym-saza ezber ýaşlar dabaranyň şowhunyny artdyrmaga goşant goşýarlar.
Tawus Meredowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.