«7/24. tm», № 18 (153), 01.05.2023.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «Behişdi bedewim — milli gymmatlygym» atly Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Türkmenistan döwletimiziň atçylyk sportuny we behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we ýurdumyzda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.