"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Milli terbiýe — milli ýörelge

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halal ýaşamak, arassa zähmet çekmek, bilimli-ylymly bolmak, Watanyňy söýmek, däbiňe-dessuryňa hormat goýmak, döwletli maşgalaly bolmak ýaly ajaýyp durmuş ýoluny salgy berýär. Magtymgulynyň eserleri dünýä dillerine terjime edilip okalýar. Magtymguly Pyragy diňe bir öz ýaşan döwrüni däl, eýsem, uzak geljegi nazarlap, şygyr döreden beýik şahsyýetdir. Mekdeplerde okuwçylaryň arasynda matematikadan, fizikadan, himiýadan, edebiýatdan, taryhdan, biologiýadan gyzyklanýan okuwçylary okadýan mugallymlar goşmaça ýumuş berip, nusgawy edebiýatymyzy wagyz edip durýarlar. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde şahyryň goşgulary okalýar. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge uly täsir edýär.

Türkmen halysy — gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy ene-mamalarymyzyň döredijilik zehininden, irginsiz zähmetinden kemala gelendir. Bu ajaýyp gözellik dünýäde deňi-taýy bolmadyk nepis sungatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimiz ösdürilýär we dünýäde giňden wagyz edilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň döreden gymmatlygy dünýä ýaýylýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi nepis halylarymyzyň dünýäde uly gyzyklanma eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp sungata biziň her birimiz buýsanýarys, ýaş nesle bu miras hakynda düşünje berýäris, milli ruhda terbiýeleýäris.

Dünýä ýaýylýan medeniýet

Eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty hem döwrebap ösüşlere beslenýär. Medeniýetiň, sungatyň ösmegi, halkyň ruhunyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, sungaty milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, hoş owazly aýdymlary, mukamlary bilen meşhurdyr. Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Türkmen medeniýeti, sungaty bu günki gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, sergileriniň, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine medeniýet, sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hoş owaza baý aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlary, aýdymçydyr sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, döwrüň belent ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar.

Berkarar Diýar, ajaýyp döwür wasp edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bäsleşik aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlaryň barha artýandygyny ýene bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bäsleşige gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini, gözel Diýarymyzy wasp edýän aýdymlary, şeýle-de türkmen halk aýdymlaryny belent joşgunda ýerine ýetirdiler.

Owazlar ýaňlandy şirwan perdeden

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olaryň sungat äleminde ussat bolup ýetişmeklerine giň ýol açmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Netijede, welaýat sungat mekdebiniň mugallymlary Şamyrat Dawudow birinji, Bazartagan Weliýew ikinji orunlary eýelemegi başardylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Süleýman Toýlyýew üçünji orna mynasyp görüldi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Söz ussadynyň keşbi — sahnada

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabaralaryna gabatlanyp, ýurdumyzyň teatrlarynda, kinokonsert merkezlerinde, kinoteatrlarynda hem-de sirklerinde sahna oýunlarydyr sirk tomaşalarynyň hem-de filmleriň görkezilişi boldy. Baýramçylyk günlerinde Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Türkmenistanyň halk ýazyjysy G.Daňatarowyň «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna oýny bilen gapylaryny giňden açdy. Bu sahna oýnunda şahyryň pederi Döwletmämmet Azady, ruhy halypasy Nagyşbendi, dosty Durdy şahyr, şeýle hem Meňli bilen aýdyşyklary hem-de şol döwrüň çylşyrymly wakalarynyň jümmüşinde söz ussadynyň halkyň ruhy şamçyragyna öwrülen şygyrlary tomaşaçylarda watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesligine, söýgä wepadarlyk ýaly beýik adamçylyk duýgularyny joşdurdy.

Bagtyýar nesil – ýurduň röwşen geljegi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy netijesinde, özbaşdak işleri guramakda, sapaklaryň dürli görnüşleri ulanylýar. Bu tehnologiýalaryň öwrediji oýunlary ulanmakda hem peýdasy uludyr. Çaganyň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin sanly bilim serişdelerine uly orun degişlidir.

Dünýä edebiýatynyň ägirtlerini sarpalap

Öňňin daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýadygärlikleri dikeldilen ýazyjy-şahyrlaryň heýkellerine gül goýmak dabarasy geçirildi. 17-nji maýda Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbine gözellik goşýan, halkymyzyň söz sungatyna, pähim-paýhasa goýýan belent sarpasyny şöhlelendirýän beýik ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şanly ýylymyzyň esasy wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň hem heýkelleriniň oturdylmagy halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüleriniň berkidilýändiginiň özboluşly güwäsidir.

Dag serinden güzer salsaň...

17-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgat bolan bu ýadygärligi synlap durşuňa Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň berkarar döwletine, bagtyýar zamanasyna guwanyp dagdan düşüp gelýän keşbi hakydaňda janlanýar. Bu ýadygärlik akyldar şahyryň çoh garaşan ajap eýýamynda «Dag serinden güzer salsaň» diýip eden hyýalynyň hem hakykata öwrülmesidir. Biz hem gazetiň şu günki sanynda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň heýkeltaraşy Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýurdumyzyň halk suratkeşi Saragt Babaýew bilen taýýarlanan söhbetdeşligi okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

PYRAGY WE DÜNÝÄ MEDENIÝETI

18-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň bölümçesiniň mejlisi geçirildi. «Magtymguly Pyragy we dünýä medeniýeti» diýlip atlandyrylan bölümçäniň mejlisine Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, myhmanlar duz-çörek bilen garşy alyndy. Talyplaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bu çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy. Mejlisde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary S.Raýew we beýleki myhmanlar çykyş edip, beýik şahyr, meşhur filosof Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň birine öwrülip, umumadamzat medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan şahsyýet derejesine göterilendigini bellediler. Olar öz ýurtlarynda beýik akyldaryň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda ýerine ýetirilen işler we göz öňünde tutulýan çäreler barada gürrüň berdiler.

Ha­ly — ta­ry­hy­ň we şu gü­nü­ň be­ýa­ny

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Ha­ly — ta­ry­hy­ň we şu gü­nü­ň be­ýa­ny

Magtymguly Pyragy — sungat äleminde

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy. Onda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri sergilendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sergi «Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» diýlip atlandyryldy. Amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary muzeýe gelip, ussat suratkeşleriňdir heýkeltaraşlaryň birnäçesiniň döreden ajaýyp eserleri bilen tanyşdy. Bu ýerdäki eserleriň mazmunynda dünýä belli türkmen danasynyň ömri, döredijiligi, halkymyzyň taryhy hem şu güni, däp-dessurlary, ýurdumyzyň häzirki döwürdäki ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Halkara maslahaty öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu geçirilýän maslahata 20-den gowrak daşary ýurtdan gelen wekiller gatnaşdylar. Çäraniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy.

Halkara teatr festiwalyndaky ýeňiş

Türkmen döwlet gurjak teatry Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar. Sahnada ahalteke bedewiniň, edermen alabaýyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşpleri görkezildi. Türkmen halysy, şaý-sepleri görkezilip, dutaryň ajaýyp owazy ýaňlandy. Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Kino ussatlarynyň Türkiýedäki üstünligi

Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalyna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kino režissýorlary hem gatnaşyp, ýörite baýraklara mynasyp boldular. Festiwal Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy. Halkara kinofestiwala dünýäniň 77 ýurdundan jemi 1055 film hödürlenilip, olar 13 ugur boýunça seljerildi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkara festiwala üç sany, ýagny «Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly dokumental filmleri hem-de «Meniň kakam» atly gysga göwrümli filmi hödürledi. Dokumental filmleriň birinjisi şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bolsa, ikinjisinde halkymyzyň milli gymmatlygy bolan dutaryň owazynyň jadylaýjy güýjünden söz açylýar. Festiwalda görkezilen üçünji türkmen filmi durmuş wakalaryna esaslanýar.

«Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr»

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan bellenilip geçilýär. Şu gün dana şahyryň hormatyna medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahaty öz işine başlaýar. Şeýle-de, Köpetdagyň eteginde gurlan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy bolar. Ertir paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Biz bu halkara ylmy maslahata gatnaşjak terjimeçi alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň birnäçesine söz berýäris.

Akyldaryň şygyrlarynda halk döredijiligi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy halk döredijiliginiň eserleriniň dürli görnüşleriniň çeperçilik tärlerini we şirinligini öz eserleriniň süňňüne siňdirmegi ussatlyk bilen başarypdyr.  Halk döredijiligindäki göçme manyly idiomatik söz düzümlerinden başlap, türkmen nakyllarynyň baý many-mazmunynyň heňňamlara siňen bakylygyny goşgularynda diýseň ezberlik bilen ulanypdyr. «Çopan adam çoka bolmaz, // Ala garga oka gelmez» ýaly jaýdar söz düzümlerini şahyr öz goşgularynda beýan edipdir. Türkmen halk döredijiliginiň asyl ýordumynda päk niýetli halal zähmet we parahat, agzybir durmuş bar. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen atalar sözi dürli röwüşde, her hili pikir-garaýyşlarda Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýär.

Söz ussadynyň sungatdaky keşbi

Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň sungat älemindäki orny» atly amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda akyldar şahyrymyza bagyşlanan eserler ýaýbaňlandyrylyp, sergä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň özboluşlylygyny açyp görkezmekde we nesillere ýetirmekde uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri-de, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýidir. Bu ýerde guralan sungat eserleriniň sergisi hem özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlandy. Sergide keramika heýkelleriniň 30-a, nakgaşçylyk işleriniň hem 80-e golaýy görkezildi. Hususan-da, görnükli suratkeşler A.Hajyýewiň, B.Çaryýewiň, M.Gylyjowyň, R.Umarowyň, S.Meredowyň, G.Goçmyradowyň, G.Rozygulowanyň, O.Babaýewanyň döreden işlerini myhmanlar uly gyzyklanma bilen synladylar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyplarynyň eserleri hem bu ýere gelenleri biparh goýmady.

Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösýär, özgerýär, halkymyz eziz Watanyň ösüşlerine buýsanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gazanylýan ösüşler örän buýsandyryjydyr. Çünki bu ösüşler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde wagyz edilýär. Ýurdumyzyň alymlary, döredijilik işgärleri halkara derejesindäki maslahatlara, ylmy duşuşyklara gatnaşýarlar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ähmiýete eýe bolup, medeniýet diplomatiýasynyň ösmegine, dünýä ýaýylmagyna, şeýle hem halklaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňat ýardam edýär.

Milli gymmatlyklara sarpa

Asyrlarboýy kämilleşdirilip, halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden orun alan milli çaga egineşikleriniň halkyň däpdessuryny, durmuş ýörelgesini häsiýetlendirýän aýratynlyklary bardyr. Eziz çagalarymyzyň egineşikleriniň nusgalarynda zenanlarymyzyň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini görmek bolýar. Häzirki wagtda hem ähmiýetini ýitirmeýän çaga egineşikleriniň özboluşly taýýarlanyş usully, nagyş bezegli çeper keşbi kämil başarjaňlygy talap edýär. Çaga egineşikleri türkmen halkynyň medeniýetini we durmuşyny açyp görkezmek bilen, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli egineşikleriň diňe bir biçüwi däl, eýsem, görnüşleri hem özboluşlylyga beslenýär. Çagalara niýetlenen ezýaka köýnekleriň, donlaryň, ýeňsizleriň dürli görnüşleri, kürtekçeler, kirlikler, başgaplar ajaýyp bezeglidir. Çaga eşikleriniň hersiniň öz niýetlenen ýeri bardyr. Toýbaýramlarda nagyşlanan ezýaka köýneklerdir donlar geýdirilse, öýdeiçde olara ýörite eşikler niýetlenýär.