"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Kak daragyň, batly ýaňlansyn sesi!

Türkmen halysynyň baýramynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu milli baýram mynasybetli türkmen halyçylaryna we onuň muşdaklaryna iberen Gutlagy bilen açylan sergä köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň, guramanyň işjeň köpçülikleýin we şahsy agzalary hem-de ildeşlerimiz gatnaşdy. Şeýle-de baýramçylyk güni bu ýerde döwletimiziň çar künjündäki çeper halyçylyk kärhanalarynda ençeme ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip gelýän ussat halyçy zenanlarymyzyň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at berildi. Biz hem bagtdan paýly halyçylarymyzyň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Maýagül HALYKOWA,Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy:

Şöhraty dünýä dolan sungat

Öňňin — 26-njy maýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde haly dokamagyň milli däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, pudaga täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew we Özbegistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystandan halyşynaslardyr işewürler çykyş etdi. Çykyşlarda gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, dürli ýurtlarda, dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşi we haly önümlerini taýýarlamakda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serda

Saza baglanan ömür

Muhat aganyň özi bagşy ýa-da sazanda bolmasa-da, ol aýdym-sazyň ölemen aşygy. Onuň çagalarynyň ählisi diýen ýaly orta çykmasalar hem aýdym-sazdan habarly adamlar. Biz şu makalamyzda Muhat aganyň ogly Nury Muhadow barada söhbet etmegi makul bildik. Nury hem Bagyr obasynda ezber saz gurallaryny ýasaýan meşhur ussa Muhat agalaryň maşgalasynda 1924-nji ýylda dünýä inip, onuň çagalykdan gulagynyň ganany aýdym-sazyň şirin owazy bolýar. Munuň özi Nuryny heniz çagalykdan aýdym-sazyň jadylaýjy owazyna maýyl edýär. Başyna baran işini soňuna çenli kemsiz ýerine ýetirmek Muhat aganyň endigi. Kakalarynyň bu endiginiň çagalaryna hemra bolmagy bilen, olaryň saýlap alan ugurlary boýunça tanalmagyna, ussat kompozitor bolup ýetişmegine itergi beripdir.

Ýaşajyk suratkeşler Watanymyzy wasp edýärler

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde bu döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky saýlama tapgyry geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlandyrylan döredijilik işleriniň sergisi köp adamly boldy. Çagalaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza, milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ahalteke bedewlerine bolan söýgini çeper beýan edip çeken suratlary oňa gatnaşan mekdep okuwçylarynda, talyplarda hem-de ýaşuly nesliň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Belent hormatyň nyşany

Paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy beýik akyldara bolan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolan bu wakadan galan täsirler watandaşlarymyzda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligihem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli ýazyjylaryň heýkelleri bu ýeriň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler halklaryň arasyndaky dost-doganlygy alamatlandyrýar. Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny

Baýramçylyk dabarasy

26-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy şatlyk-şowhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamakda, halyçylyk sungatyny ösdürmekde, has-da baýlaşdyrmakda, halyçy zenanlarymyza sylag-hormat goýmakda asylly işler alnyp barylýar. Nepis sungat bolan türkmen halylaryna bagyşlanyp geçirilen dabaralar milli mirasymyzy wagyz etmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Biz hem gazetiň şu sanynda halyçy zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Annabegi NURÝAGDYÝEWA,Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi:

Däbe öwrülen sergi

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 24-nji maý­da paý­tag­ty­myz­da Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň hem-de ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly XXIII kö­pu­gur­ly hal­ka­ra ser­gi öz işi­ne baş­la­dy. Ser­gi iki gün do­wam et­di.

Ýaşlaryň dilinde Arkadag şähri

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň arasynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli «akylly» şäheri wasp etmek boýunça yglan edilen «Arkadagyň paýhasyndan nur alýan şäher» atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.  Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýä tanatmakda, gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerini, ata Watanymyzyň gözelligini wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Ikinji şertinde, Arkadag şäheriniň keşbini, gözelliklerini taryp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler.

Aşgabada bagyşlanan duşuşyk

23-nji maýda «Gül Diýaryň ýüregi sen, Aşgabat!» ady bilen Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 143 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hem-de rejelemek baradaky milli Müdirliginiň hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty Maksat Amanow, Türkmenistanyň «Gurluşyk we binagärlik» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa gün-günden täze keşbe eýe bolýan mermer paýtagtymyzyň geçmiş-taryhy we şu günlerki ösüşi barada talyp talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler.

Italiýada dörän eserler

22-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli «Yzzat Gylyjow we Italiýa» atly sergi açyldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň döredijiligi Italiýa döwletiniň geçmiş-taryhy, medeniýeti, sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Y.Gylyjow 1964-nji we 1972-nji ýyllarda Italiýanyň meşhur Wenesiýa şäherinde geçirilen Halkara sungat sergisine çagyrylýar. Ol bu döredijilik saparynyň dowamynda Italiýanyň Rim, Wenesiýa, Neapol, Florensiýa şäherlerine aýlanyp, bu şäherleriň taryhyna, binagärlik sungatyna bagyşlap «Piza diňi», «Florensiýa», «Rim», «Rim. Jordano Brunonyň heýkeli», «Rim. Ýeňiş sütüni», «Neapol deňiz porty», «Wenesiýa. Köpri» ýaly ençeme eserlerini döredýär.

Arkadag ady bilen

Ak mermerli paýtagtymyzda döredilýän her bir binagärlik nusgasy ýurdumyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, döwrüň belent ruhuny dabaralandyrýar.Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan. «Arkadag» binasy — 2015-nji ýylyň 25-nji maýynda açylan bu bina paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk şaýolunyň çatrygyndaky halkalaýyn ulag ýolunyň merkezinde guruldy.

Sarpaly sünnä sungatym

Türkmen halkynyň asyrlarboýy timarlap, biziň günlerimize getiren we gaýtalanmajak sungat derejesine göterilen halylarymyz, keşdelerimiz, lybaslarymyz, egin-eşiklerimiz iň gadymy we mukaddes gymmatlyklarymyzyň biridir. El işleri diýlende özüniň ömrüni Watanyna, il-ýurduna, mukaddes ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden halkymyzyň maddy gymmatlyklaryna aýratyn üns beren Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje biygtyýar ýadyňa düşýär. Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýoly, mähir siňdirip döreden çeper el işleri ähli türkmen gelin-gyzlary üçin görelde mekdebidir, kämil sungatyň ebedilik mukamydyr.

Pyragy

Üç asyrdan bäri adyň ebedi, Şygyrlaryň paýhas bolup döredi.Bu gün arzuw eden zamanaň geldi, Döwrümiz döwletli döwran, Pyragy! Şanyňy beýgeltdi eziz Arkadag,Arkadagly Serdar ile howandar,Her ýazan jümläňde müň bir hikmet bar,Okanlar pähmiňe haýran, Pyragy!

Haly — gözelligiň we nepisligiň nusgasy

Milli sungatymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan tutulýar. Asyrlardan-asyrlara geçip, biziň günlerimizde-de uly meşhurlyga eýe bolan türkmen haly sungaty barada Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynda giňişleýin gürrüň berýär. Gahryman Arkadagymyz halylaryň gözelligi, gelip çykyşy barada, birnäçe rowaýatlary öz kitabynda belläp geçýär. Türkmeniň milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halynyň ussatlyk bilen çitilen gölünde tebigatyň şekilini görüp bolýar. Halynyň iki gyrasyna älem çitilýär, älemden soň gyra nagyşlary salynýar. Halynyň gyrasynda gölçe, şelpeli gölçe, saýlan, içýanagyz şekilleri utgaşyp gelýär. Gyra nagyşlary, adatça, biri-birleri bilen utgaşyp, haly göllerini töwerekleýin gurşap alýar. Halynyň gyrasyna başga-da byçgy, dagdan, ownuk gül, baldakly gül, alaja, sary içýan, ýüp, böwrek, goçak, erikgül nagyşlary salynýar. Haly hakynda şeýle rowaýat beýan edilýär. Gadymy döwürlerde bir ata-ene ogullaryny öýerjek bolanlarynda gowy gyzy gelin edinmek isläpdirler. Şeýlelikde, bir ýaşuly dana ýüzlenipdirler: «Biz oglumyzy öýlendirjek, oňa edepli-ekramly gyz alyp bermek isleýäris». Dana-da mylaýymlyk bilen ýylgyryp: «Ir bilen ak öýleriň arasyndaky ýodajyklardan geçiň hem-de töweregiňize üns berip ýöräň. Säher bilen haýsy öýden dokma darakla

Türkmen halysynyň baýramyna

Gadymy gymmatlyklara sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda haly we halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Bu ajaýyp sungaty döreden enelerimiziň öňünde baş egýärsiň. Ýurdumyzda her ýyl Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilmegi hem hormat-sylagdan nyşandyr. Türkmenistanyň halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, gelin-gyzlarymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Olaryň halyçylyk sungatyna bolan söýgüsini hormatyny has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen halysynyň milli sungat derejesinde ykrar edilmegidir.

Arşyň nepisligine deňelen haly

Maý aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen halysynyň baýramy At-owazasy äleme dolan türkmen halylary özleriniň ajaýyp gölleri, nagyşlary bilen synlany haýrana goýýar. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, türkmen halysynyň özboluşly nagyşlary nesilbaşymyz Oguz han atamyzdan kemal tapan elipbiýden gözbaş alyp gaýdýar.

Ýaşlar nesilleri milli ruhda terbiýelemek

Berkarar döwletimiziň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylym-bilimden ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirildi. Netijel

Söz sungatynyň sarpasy

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly magtymgulyşynaslar we talyp ýaşlar jemlendi. Bu ýerde ýakynda çapdan çykan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärede ýurdumyzyň sungat ussatlary, aýdym-saz toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen köpöwüşginli çykyşlara hem orun berildi. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylan beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de neşir edilen «Magtymguly» atly şygyrlar ýygyndysynyň ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýeti, söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň uly dabaralara beslenişi hakda gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň ruhy-edebi mirasyna goýulýan belent sarpany şöhlelendirýän işler barada halypalaryň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Akyldar şahyryň döredijiligine belent sarpa

21-nji maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu täze kitap ähli döredijilik, medeniýet işgärlerinde, ýazyjydyr şahyrlarda buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly orny eýeleýär. Dabara bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly edebi çykyşlar bolsa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp baharynda geçirilen dabaranyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini aýratyn bellediler. «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik şahsyýetle

Milli medeniýetimiz köňülleriň buýsanjydyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär. Şol gymmatlyklar bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyny, medeniýetiniň ösüşini kesgitleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy.