"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň hatarynda 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň gysga taryhy döwürde dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini göz öňünde tutup, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik

Suw sapasy

Köpetdagyň etegindäki hoştap howaly ajaýyp künjekleriň birinde sebitde ilkinji «akylly» şähergurluşyk ýörelgesine eýerilip bina edilen Arkadag şäheri ilatyň, aýratyn hem, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, ruhubelent, berk bedenli bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň Sport merkezinde — Suw sport toplumynda sportuň 2 görnüşi boýunça uly suw howzy, çagalar üçin attraksionly suw howzy, saunalar we 2 sany fitnes zaly, bejeriş-sagaldyş, naharhana otaglary bar. Toplumda tälimçi-mugallymlaryň tälim bermeginde, bir wagtda 90-dan gowrak türgen sport bilen meşgullanyp bilýär. Bu ýerde iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, döwrebap zähmet şertleri ýola goýuldy. Suw sport toplumynyň gapylary türgenlere, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini özüne ugur edinen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlar üçin açykdyr.

Gan basyşyny kadalaşdyrýan maşklar

Hünärmenler we lukmanlar myşsalaryň gysylmasyny aýyrmak hem-de kelleçanagyň içki gan basyşyny kadalaşdyrmak üçin ýörite maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Bu maşklary göwnejaý ýerine ýetirmek üçin burnuňdan uludan dem alyp, demiňi içiňde 2-3 sekunt saklap, soňra dodagyňy turbajyk şekiline getirip emaý bilen demiňi goýbermeli. Maşklary dem alyş ritmini bozmazdan 5-10 minut dowam etdirmeli.

Tizlikden ruhlanýan türgen

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli awtomobil sporty has hem rowaçlanýar. Ýylyň-ýylyna türkmen awtosportçularynyň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu ýylda Russiýadan Mongoliýa  uzan «Ýüpek ýoly—2024» rallisinde türkmen türgenleriniň gazanan goşa ýeňşi ýurdumyzda sportuň bu görnüşini rowaçlandyrmak babatda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýaryşyň T2 görnüşi boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgenleriniň ikinji we üçünji orunlara hem-de ralliniň «SILK WAY 2024» kuboklaryna eýe bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşyl Tugumyzy ýeňiş bilen belentde parladan ussat awtosportçularyň arasynda welaýatymyzdan Didar Orazmedowyň hem bardygyny buýsanç bilen nygtamak zerur. Sürüji Maksatmyrat Daňatarowyň hem-de şturman Didar Orazmedowyň ekipažy awtorallide üçünji orny eýelemegi başardy.

Sport. Sagdynlyk. Ruhubelentlik

Şu günler göwünleri galkynýan türgenlerimiz Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramak ugrunda göreşýärler. Sportda üstünlige ýetmek üçin türgenler irginsiz türgenleşip, hemişe kämillige ymtylýarlar. Diýarymyzda döredilen häzirki zaman sport düzümleri ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesine sport bilen yzygiderli meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bedenterbiýäni we sporty jemgyýeti jebisleşdirýän umumymilli gymmatlyga öwren döwletimiz türgenleriň halkara ýaryşlaryna ýokary derejede taýýarlanmagy üçin ähli şertleri döredýär. 2022-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak bilen baglanyşykly maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamagy eziz Diýarymyzda sporty ösdürmek boýunça yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky tassyknamasy boldy. Türkmen türgenleri soňky iki ýyldan gowrak döwürde dürli halkara ýaryşlarda baýrakly orunlaryň ençemesini eýeläp, Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Küşt oýnundan bäsleşdiler

Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňülerine gabat gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek, dynç wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Küşt oýny beýniniň gimnastikasy» atly dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly geçdi. Bäsleşikde iki topar, ýagny «Paýhas» hem-de «Bossan» toparlary özara bäsleşdiler. Netijede «Paýhas» atly topar ýeňiji boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Futbol möwsüminiň ikinji ýarymyna taýýarlyk

Şu günler ýurdumyzyň futbol toparlary möwsümiň ikinji ýarymyna taýýarlyk görýärler. Olar taýýarlygyny daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary bilen has-da berkidýärler. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» we kümüş medalyň eýesi «Altyn asyr» futbol toparlary tomusky ýygnanyşyk üçin Rumyniýa Respublikasyny saýlap aldylar. Türkmen futbolçylary bu ýerde halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Duşuşyklar futbolçylarymyzyň fiziki taýýarlygynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň çempiony tomusky transfer möwsüminde öz düzüminde käbir özgertmeleri geçirdi. Esasan hem «Ahal» topary bilen geçirilen derwezeçi çalşygy toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasyna jogapkärçilikli taýýarlanýandygyny aňladýar. Ozal çempion toparyň derwezesini goran Rahat Japarow «Ahal» toparyna geçen bolsa, «Ahaldan» derwezeçi Rüstem Ahallyýew «Arkadag» toparynyň düzümine goşuldy. Şeýle hem Orazberdi Myradow futbol ýoluny tamamlap, toparyň tälimçiler düzüminiň hataryna girdi. «Altyn asyr» bolsa futbol möwsüminiň ikinji böleginde ozalky düzümi bilen çykyş eder.

Yhlas bilen zehin utgaşanda

Süleýman KOÇKAROWYŇgazanan üstünlikleri: ► Ýaşlaryň 25-nji Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO — 2021) — bürünç medal;

Ýaş türgeniň üstünlikleri

Ýurdumyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sportuň erkin göreş görnüşi bilen meşgullanýan şeýle bagtyýar jigilerimiziň biri-de ýaşajyk türgenimiz — Azatberdi Aşyrgulyýew. Azatberdi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň 11-nji synpyny tamamlady. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri erkin göreşiň inçe tilsimlerini ele alýar. Ol heniz alty ýaşyndaka paýtagtymyzda ýerleşýän Köpetdag stadionynyň «Zähmet» türgenleşik zalyna gatnap başlaýar. 2019-njy ýyldan bäri bolsa ol «Galkynyş» bedenterbiýe-sport toplumyna gatnaýar. Bu ýerde oňa halkara derejeli sport ussady Batyr Orazgylyjow tälim berýär. Tälimçiniň ussatlygy, şeýle-de ýaş türgeniň sportuň bu görnüşine bolan höwesi, yhlasy ony ýeňişlere, üstünliklere ýetirdi. Yzygiderli türgenleşiklere gatnap, her bir ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk gören jigimiz Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Onda-da iki gezek. Has takygy, Azatberdi 2022-nji ýylyň 23 — 25-nji dekabry aralygynda erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 48 kilogram, 2023-nji ýylyň 15-16-njy dekabrynda geçirilen erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginde bolsa 60 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bu ýaryşlaryň ikisinde-de altyn medalyň eýesi bolmagy başardy.

Çeper gimnastikaçylaryň ýeňşi

Halkara sport ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýan ýaş türgenlerimiz diýseň kän. Olaryň gazanýan şeýle üstünlikleri baradaky hoş habarlary eşidenimizde buýsanjymyz goşalanýar. Ýakynda şeýle buýsandyryjy hoş habary halkymyz bilen paýlaşmak ýurdumyzyň gimnastika boýunça milli ýygyndysynyň ýetginjek gyz türgenleriniň paýyna düşdi. Olar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merry Caravan» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türgen gyzlarymyz dürli derejeli medallaryň 29-yna mynasyp boldular. 6 — 16 ýaş aralygyndaky gimnastikaçy türgen gyzjagazlar bu halkara ýaryşyndan 18 altyn, 10 kümüş we 1 bürünç medallaryny gazandylar. Elbetde, bu ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň görkezen netijeleri. Ýygyndynyň düzüminde aýratyn erjel türgen — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Mahym Gurbanowa hem bar. Mahym üç ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanyp, ýurdumyzda gimnastika boýunça geçirilen çempionatlarda öz agram derejesinde birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp boldy. 11 ýaşly türgen gyzjagazymyz häzirki wagta çenli çeper gimnastika boýunça halkara ýaryşlarynyň dördüsine gatnaşdy. Mahym çeper gimnastika boýunça 2023-nji ýylyň martynda Gruziýada geçen halkara ýaryşda kümüş medal, şol ýylyň awgustynda ýene şol ýurtda geçen halkara ýaryşda altyn medal gazanýar. Mahym jigimiz Özbegistan Respublikasynda hem çeper gimnasti

Mil­li tür­gen­le­ri­miz ha­kyn­da mag­lu­mat­lar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Maý­sa PAR­DA­ÝE­WA

Ynam, yhlas ýeňşe alyp barýar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Hal­ky­my­za sow­gat be­ren il­kin­ji ki­ta­by­ny «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly ösü­şi­ni we ýag­ty gel­je­gi­ni ýaş ne­sil­ler­de gör­ýän­di­gi­niň we ola­ra bo­lan uly yna­my­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Bu uly ynam­dan ruh­lan­ýan we spor­ty aý­ryl­maz hem­ra­sy­na öwür­ýän ýaş tür­gen­le­ri­miz ab­raý­ly hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş mün­be­rin­de ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lad­ýar­lar.

Olim­pia­da­nyň ala­wy Olim­pi­ýa oba­syn­da

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy iýu­lyn­da XXXIII to­mus­ky Olim­pia­da­nyň açyl­jak gü­nün­de Pa­ri­žiň Sen-De­ni et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa oba­sy­na ge­ti­ril­di. Se­na we Sen-De­ni ug­ry bo­ýun­ça ge­çip, Fran­si­ýa­da­ky iň soň­ky — 68-nji du­ral­ga­sy­ny ama­la aşy­ran ala­wy­ny Olim­pi­ýa oba­syn­da­ky tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler gyz­gyn gar­şy­la­dy­lar.

Olim­pi­ýa oba­sy

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Olim­pi­ýa oba­sy is­len­dik Oýun­la­ryň mö­hüm bir no­ka­dy. Eý­sem «Pa­riž — 2024» Oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­ri bu ýer­de bi­na edi­len Olim­pi­ýa oba­sy nä­me­ler bi­len gar­şy­la­dy?! Şu çykyşymyzda Olimpiýa obasy barada gürrüň bereris.

Leb­ron Jeýms Olim­pia­da gat­naş­ýan il­kin­ji mil­li­ar­der

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms taryhda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ilkinji milliarder bolar. Muny 39 ýaşly türgeniň baýlygyny 1 milliard dollar bilen bahalandyrýan «Forbes»neşiriniň maglumatlary delillendirýär.

Beýik ösüşleriň döwri

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşler gazanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda täze wezipeler, belent maksatlar goýulýar. Baş baýramymyzyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geçen döwürde gazanylan üstünliklere baha bermek we röwşen geljege uzaýan ýolumyzdaky täze maksatlarymyzy kesgitlemekde uly ähmiýetli waka bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Ruhubelentligiň gözbaşy

Parahatçylygyň, dostlugyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň meşhurlygy bütin dünýäde artýar. Eziz Diýarymyzda hem ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, türgenlerimiziň abraýly ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyny artdyrmagy üçin zerur şertler döredilýär. Şu günler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly türgenleriň hem gatnaşýandygy kalbymyzy buýsanja besleýär. Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sport jemgyýeti jebisleşdirýän gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasynyň jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Gökdere jülgesinde ýerleşýän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde bäsleşik geçirdi. «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» diýen şygar bilen guralan bäsleşikde çagalar küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi we ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny gyzykly geçirmegi, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Dynç alyş merkezinde guralan dabara hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi boldy. Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe bolup, çagalar wagtlaryny gyzykly we ruhubelentlikde geçirdiler. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän, bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Bedenterbiýe we sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ruhy hem beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýaşlarymyz sportda belent sepgitleri, uly ösüşleri gazanýarlar. Şunda bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde sport bäsleşiklerini gurady. Gyzykly häsiýete eýe bolan ýaryşlar çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

Kämillik ýolunda

«Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu belent ynamyny ödemegi sportuň ak ýoluna düşen her bir ýaş nesil öz ilkinji nobatdaky borjy saýýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Orazgül Babanyýazowany hem şeýle ýaşlaryň hatarynda görkezmek bolar.