"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Söýenim, söýenjim sensiň, Watanym!

Watan — iň uly mukaddeslik. Muny her owazymda, her şygrymda, bendimde, setirimde gaýta-gaýta ýatlaýandyryn. Bizi giň gujagyna sygdyryp, goýnunda ýaýnadýan, ýaşadýan eziz Watanyň gadyry-gymmaty başgaça. Ol mydama ýüregiňde, kalbyňda, köňlüňde. Oýuň ol, pikiriň. Nirede ýörseňem, neneňsi ahwalda bolsaňam, Watan hemişe ýanyňda. Uzak menzillere rowana bolup, ummany aşanymda, «Ýanymda Watan» atly şygry ýazanym ýadymda.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýolunda

Türkmenistan üçin Özbegistan iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, strategik hyzmatdaş hem ygtybarly dostdur. Türkmen we özbek halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gadymdan gelýän şol gadyrly gatnaşyklaryň döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösdürilmegi bu günki gün ygtybarly binýady emele getirmek bilen, uzak geljek üçin bilelikdäki anyk hereketleri kesgitlemekde daýanç nokady bolup hyzmat edýär. 15-16-njy iýulda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň we işewürlik ugurly beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi hem 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistanyň paýtagtynda ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Düýn bolsa bu çäreler Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 18-nji mejlisi bilen dowam edip, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, mede

Dalaşgär — 2024: geljegiň binýady şu günden tutulýar

Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz agzalan Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek babatda görlen taýýarlyk, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar HAŞYROW bilen söhbetdeş boldy. — Ilki bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine

Tehnikalar saz işledilýär

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, pudakda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň hatarynda durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasy hem özüniň alyp barýan işleri bilen ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasy ýük we ýeňil awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu ýerde 600-den gowrak adam zähmet çekýär. Tejribeli sürüjiler dürli görnüşli awtoulaglara we ýükleýji mehanizmlere, burawlaýjylara ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda bildirilýän talaplary doly ödemegi başarýarlar. «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy Rustam Gurbanow:

Halkara giňişlikde

Türkmen wekiliýeti WIPO-nyň mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ženewada geçirilýän Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Şu gün öz işini tamamlaýan çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär. Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçilik, awtorlyk hukugy we garyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mejlis bilen utgaşyklykda Ýewraziýa Patent Guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler hem guraldy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ilkinji bolup EAPO-nyň Konwensiýasyna goşuldy we häzirki wagtda guramanyň Administratiw geňeşinde başlyklyk edýär.

Çyn sözi gudrat saýan

Dogrusy, şu makalany ýazmankam, kän oýlandym, ýöne baş redaktorymyzyň: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz edebi mirasymyzyň, edebiýatda, sungatda yz goýan ähli beýik şahsyýetlerimiziň hem ýylydyr. Şonuň üçin olar hakda-da ýazmalysyňyz» diýen sözleri göwnüme ganat bekletdi. Ikinji bir tarapdan, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyzyň döredijiligine akyl ýetirmekde ol hakda ýazylan, aýdylan zatlardan hem köp düşünje almak bolýar. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy öz goşgularynda beýik halypalaryň, söz ussatlarynyň birnäçesini hormat bilen ýatlap geçýär. Biziň köpimiziň görüp, duşuşan, söhbetdeş bolan şahyrlarymyzyň arasynda-da akyldar şahyryň eserlerini çagalygyndan okap başlan, onuň adyny döredijiliginde altyn gaş kimin lowurdadan ägirtler köp. Biz bu ýerde şahyr hakda ýörite eser döreden ýazyjy-şahyrlar barada söhbet etmekçi däl. Ol hakda ýörite eser döretmese-de, garaýyşlaryny miras goýan halypalar kän. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Berdinazar aganyň Magtymgula bagyşlan şygyrlary aýratyn bir söhbediň gürrüňi, ýöne ony görnükli publisist hökmünde meşhur eden eserlerinde şahyr hakda aýdan gymmatly pikirleri şygyrlaryndakydan birjik-de pes däl. Döredijilik bilen gyzyklanýan, meşgullanýan adamlar üçin şahyryň şahyra, söz sungatyna sarpasynyň nähili belentdigini bilmekde şol aýdylan gymmatly

Gadymy düýe bezegleri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Türkmen toýlarynda gelnalyjy düýe kerwenini bezemekde ulanylan gadymy döwre degişli bezeg esbaplary ilkinji gezek görkezilýär. Halkymyz gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelnalyjy kerwenini bezemegiň ajaýyp däplerini saklap gelipdir. Muňa kejebe bezemek däpleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Gaznalarda saklanylýan bu gymmatlyklar birnäçe ýyllaryň dowamynda ylmy esasda öwrenilip gelinýär. Sergide muzeýiň hünärmenleri tarapyndan düýäniň çöküp oturan heýkeli ýasalyp, onuň üstünde kejebäniň gadymy durky dikeldildi. Ýasalan düýe heýkeli hem-de kejebe sergä çykarylýan ýörite muzeý gymmatlyklary bilen bezeldi. Ol ylla diýersiň, janly ýaly, gadymy döwri ýada salýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ýurduň ykdysadyýetinde alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenende bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu hakykata ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Işlemek, öndürmek, döretmek, gurmak üçin ähli amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň bolan ýerinde üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan hakykat. Şanly senelere, toý-baýramlara baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynda halkymyzyň, döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly ruhubelentlik bilen işländiklerini bellemeli. Munuň özi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde açyk-aýdyň görünýär. Oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler hem örän buýsandyrýar. Giňişleýin mejlisde berlen hasabata görä, şu ýyl obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Esasan-da, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendikleri baradaky hoş habar her birimizi diýseň begendirdi. Tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bi

«Ýüpek ýoly — 2024»: iki toparymyz hormat münberinde

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp dowam eden ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. Onuň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çarkandakly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek. Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Günüň zyýanly täsirinden goranyň!

Şu günler tomsuň jöwzaly günleri dowam edýär. Yssy günlerde saglygyňy durnukly saklamak örän möhümdir. Howanyň çakdanaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gündiziň yssysynda çagalaryň daşarda oýnamagyna ýa-da gezelenç etmegine rugsat bermeli däldir. Ýaş çaganyň bedenine zerur bolan D witamininiň gerekli mukdaryny almak üçin onuň bilen her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam bolsa sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Durnukly ösüşiň görkezijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak we iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1410 manat hö

Şatlyga beslenen pursatlar

Körpe nesliň begenji kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda bagtyýar körpeleriň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde-de bu ýakymly duýgyny başdan geçirdik. Bu şatlykly pursatlar hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atalyk aladasy bilen gurşalyp alnan bagtyýar nesliň ýadynda hemişelik galsa gerek. Durmuşymyzyň bezegi bolan çagalar biziň barlygymyz, dowamatymyz. Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalaryň gülki sesleriniň, şirin owazlarynyň belentden ýaňlanýan ýurdy hökmünde dünýäde tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gül-gunçalary bolan çagalar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Olaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilip, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt

Galla aldym — gala aldym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýurdumyzyň edermen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watan harmanyna goşdular. Gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşinde Ahal welaýatynyň janypkeş daýhanlarynyň hem saldamly paýy bar. Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ýokary hasyl öndürmek üçin turuwbaşdan yhlasly, tutanýerli zähmet çekdiler. Ähli agrotehniki çäreleri wagtynda berjaý etdiler. Ekine ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly jogapkärli işlerde ylmyň gazananlaryna we ozalky ýyllarda toplan tejribelerine daýandylar. Döwlet tarapyndan goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi boldy. Amatly howa şertleri, ygally günler hem sahawatly topragyň berekedini bolluk bilen eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanyň işe höwesini artdyryp, galla oragyna ýokary taýýarlyklar bilen başlamaga we zähmet ýeňşini gazanmaga ruhubelentlik berdi. Ine, bu şanly günlerde gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan üstünligi, arzyly sepgidi olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmel

Topragyň altyn nygmaty

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine mydama bol hasyl bilen jogap berýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň dilden düşürmeýän bu sözi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda has-da dabaralandy. Merdana türkmen gallaçylary ene ýere yhlas edip, guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna goşdular. Bu bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda galla bolçulygyny üpjün etmek ugrunda täze bir sepgidiň eýelenendigini görkezýär. Güneşli Diýarymyzda daýhançylyk işi — arzylanýan kesp, hormatly hünär, ekerançylyk meýdanlary bolsa rysgal-berekedi bolluk bilen eçilýän ýerler. Şeýle bolansoň, daýhan ýeriň, ýer daýhanyň hemrasy, ikisi-de halal zähmete aşyk. Daýhan ýeri «gözden salmasa», ýer ony hor edenok. Bu pikir-düşünje gallaçy daýhanlar barada aýdylanda, aýratyn çuň mana eýe bolýar. Sebäbi bugdaý ekip, galla ýetişdirip, bol hasyl almak diňe bir il-günüň eşretini artdyrman, eýsem, has giň manysynda, adamzat ýaşaýşynyň hem özeni bolup durýar. Altyn öwüşgin içre tolkun atan bugdaýly meýdanlarda joşýan yhlasly zähmet gallaçy daýhanyň ýyllyk azabynyň rehnedini berýär. Galla oragyny gysga möhletde jemleýän gallaçy kärendeçiler öňde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmek üçin hasylyň ýeke dänesini hem yr

Mert pederleň ruhy bardyr köňülde

Türkmen halky geçmişden şu günlere çenli mert, merdana halk hökmünde tanalyp gelýär. Merdi-merdanalyk «Mert arkasyndan il guwanar», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert söweşde belli, dana — geňeşde», «Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan», «Mert ýigitden mert dogar», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy» diýýän halkymyzyň ganynda bar. Şonuň üçin hem, ine, şu hakykaty merdana türkmen halkymyz ýüreginden syzylyp çykan Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky: Janym gurban saňa, erkana ýurdum,Mert pederleň ruhy bardyr köňülde —