"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Köňüllerde buýsanç bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe päk arzuwlar, ýagşy umytlar bilen 2021-nji ýyla gadam goýduk. Parahatçylyga sarpa goýup, agzybirligi mukaddes ýol-ýörelge edinen türkmen halky üçin 2021-nji ýyl iň bir rowaç, arzuwlaryň hasyl bolýan ýyllaryň biri bolar. Täze ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ýyl ösüşleri we bagtyýarlygy bagyş eder. Şeýle ajaýyp günlerde geçen ýylda gazanan üstünliklerimiz hakynda hem ýatlap geçmek isleýäris. Sebäbi her bir ýylyň öz aýratynlygy, kalbyňy buýsandyrýan ösüşleri bar. Şeýlelikde, ýyllar bir-birinden zyýada bolup halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bagtyýarlygy emele getirýär. Ýyllaryň bir-birine aýrylmaz baglanyşygy ýurdumyzyň ykdysady, medeni ösüşleriniň bir-birine baglanyşygyny emele getirip, bizi täze ösüşlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan döwrebap ösüşler döwletli Diýarymyzy ýyl-ýyldan täze belentliklere eýe edýär. Geçen 2020-nji ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem ýurdumyzyň rowaç ak ertirleri nazarlap, bedew bady bilen öňe, diňe öňe barýandygyna doly güwä geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň mejlisiniň karary

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Ak günleriň ýaraşygy

Hoş günleriň ýakymy, hakydalaryň baky hemrasy bolan ajaýyp pursatlaryň ýylylygy bizi bagty süňňümiz bilen syzmaga, kalbymyz bilen ezizlemäge mejbur edýär. Allatagalanyň peşgeş beren günlerini bagtyýarlyga beslemek päkligiň, her bir dogýan Gün bilen ynsanlara ýylgyryş hem bagt paýlamak beýikligiň alamaty. Bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyň güzer edinen berkarar ýurdumyzda her dogýan günümiz bizi bagtyýarlygyň goýnuna atarýar. Akyldarlaryň birine: «Bagtyňy nädip tapmaly?» diýip sowal beripdirler. Ol: «Öz bagtyňy gözlemek biderek wagt ýitirmekdir. Dünýäde her bir adam garaçyny bilen nirededigi näbelli bagtynyň gözleginde. Biziň bagtymyz özgeleriň bagtynda gizlengi. Sen olara bagtyny ber, soň siziňki size gaýdyp geler. Aslynda, ynsanlaryň ömrüniň manysy-da özgeleriň bagtynyň içinden öz bagtyny tapmakdyr» diýip jogap beripdir. Bu barada halkymyz hem «Özgäni hoşbagt edeni betbagt saýma» diýen paýhasy döredipdir. Bütin adamzadyň ýagty geljegi, asuda durmuşy hakynda gije-gündiz alada edýän, asyrlara barabar beýik işleri durmuşa geçirýän, öz bagtyny halkyň, il-günüň bagtynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik, durmuş ýoly hem, akyldaryň aýdyşy ýaly, ynsanyýete bagt paýlamakdan, mukaddes Diýary berkarar etmekden ybaratdyr.

Şygryýet bossany

Nurana ýyllar Biz kän garaşdyk,Gerip gujagy.Gel, sen Täze ýyl,Ýyllaň ajaby.

Ajaýyp arzuwlar Saňa, Arkadag!

Ýylgyryp gelýän ýyllary ýylgyrybam garşy almalydyr. Umuman, myhmany güler ýüz bilen garşylamak — türkmene aňyrdan gelýän kada. Bu-da şol mysalydyr. Ol pursatda birek-birege ýagşydan-ýagşy arzuwlar edilýär. Men şol edilýän, ediljek süýji dilegleriň ählisine ýürek goýýan, goşulýan. Gahryman hem mähriban Arkadagymyzy, bir başa bakýan agzybir ilimizi täze, 2021-nji ýyl bilen mübärekleýärin! Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmeginiň özünde ymgyr many, ylham ummany bar. Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler. Hormatly Prezidentimiziň dosty dogan eýlän ýoly bu, ýörelgesi bu! Asyl-ha, mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň ýüreklere ýetmegi, gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň kabul eden Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjekdiginiň özi bu hakykata sözsüz delil. Goý, mydama şeýle bolsun! Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün! Ojaklary saglyk-salamatlyk, abatlyk-rahatlyk, rysgallylyk-döwletlilik, mylaýymlyk-mähribanlyk gurşasyn! Watanymyz gowulyga, şowlulyga, rowaçlyga ýar bolsun!

Dost ýüreginiň arzuwy

Kiýewiň B.Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň professory Nikolaý Waskiw redaksiýamyza indi ikinji makalasyny iberýär. Ol akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde uly işleri alyp barýar. N.Waskiw «Magtymgulynyň döredijilik portreti» hem-de «Magtymguly, dogry söze ten bergil» atly kitaplary bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy. N.Waskiw hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserini ukrain diline terjime etdi. Biz gazetimiziň täze ýyldaky ilkinji sanynda güneşli ýurdumyzyň dosty, tanymal magtymgulyşynas, ukrain alymy N.Waskiwiň elektron poçta arkaly “Edebiýat we sungat” gazetine iberen makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Toýlarymyz toýlara ulaşýar

Törümize ýene bir Täze ýyly geçirdik. Şol pursatda hem geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, guwandyryjy wakalar dogrusynda oýlanýarsyň. Ýogsa-da, ýaňy ýalydy geçen ýyly uly joşgun, şatlyk bilen garşylanymyz. Milli Liderimiziň saýasynda her bir ýylymyzyň halkymyzy buýsandyryp eşretli günleri, sapaly döwrany eçilişi ýaly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylymyz hem üstünliklere beslenip, toýlarymyzy goşalandyrdy. Adyndan belli bolşy ýaly, geçen ýylymyzda türkmen Bitaraplygynyň, onuň parahatsöýüjilikli ýörelgesiniň many-mazmuny has giňden açyldy. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy giňden bellenildi. Halkymyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, rysgal-berekediň goşalanyp gelmegi döwletlilikden nyşan hasaplanýar. Mähriban Watanymyzyň gujagynda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň ýubileý toýy bellenen bolsa, ynha, şatlyk bilen garşylanan Täze ýylymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýini täze zähmet üstünlikleri, ýatdan çykmajak dabaraly wakalar bilen, tutumyny uludan tutup belläris. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär. Biz

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabyndan

Saz we saglyk barada Aýdym-saz adamyň inçe duýgularyna täsir edip, ol adam saglygyna we hal-ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär.

Täze ýylyň täsinlikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber tagallalary netijesinde milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda, halkara derejede bellenilýän Täze ýyl baýramçylygy hem giňden toýlanýar. Öz mynasyp zähmet sowgatlary bilen gelýän halkymyz milli Liderimiziň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy uly ruhubelentlik bilen belleýär. Bilşimiz ýaly, Täze ýyl baýramyny bellemegiň her halka mahsus bolan täsin aýratynlyklary bar. Arçalary, öýleri we saçaklary dürli görnüşli naz-nygmatlar bilen bezäp garşy almak ähli halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem däp bolup gelýär. Her kim öýlerini we arçalaryny biri-birinden owadan, üýtgeşik edip bezemäge çalyşýar, saçaklary bezemek üçin yhlas edýär. Halkymyzyň arasynda sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Täze ýyl baýramynyň şowhunyny artdyrýan ýörgünli ynançlar bar, ýagny bu nurana baýramçylykda geljek ýylyň düşümli bolmagy arzuw edilýär. Şeýle hem halkymyzda iň oňat arzuwlar aýdylýar. Munuň özi Täze ýyla arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly hökmünde garalýandygyny aňladýar. Şeýle arzuwlaryň içinde türkmen halkymyz parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi, saglygy aýratyn belleýär.

Täze ýyl — täze maksatlar

Maşgala baýramy bolan Täze ýylda edilen arzuwlaryň hasyl bolýandygyna, onda adamlary täze güýç, ruhubelentlik bilen indiki ýyllara gadam basmaga iterýän bilniksiz bir güýjüň bardygyna şol günki wakalaryň geljegimize öz täsirini ýetirjekdigine ynanýarys. Täze ýyly gülki bilen, bezelen arça, naz-nygmatdan doly saçaklar bilen garşylaýarys. Elbetde, Aýazbabadyr Garpamyk hem hökman Täze ýylyň myhmany bolýar. Biz hem ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň “Täze ýyly nähili garşylamagy halaýarsyňyz?”, “Geljekki maksatlaryňyz näme?” diýen sowallarymyza beren jogaplaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Saçagyň bezegi – sagdyn iýmit

Biz Täze ýyly gülki-şatlyk, lezzetli tagamlar bilen garşylaýarys. Saçaga goýuljak tagamlary ýerlikli ulanmagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň saglygy goramakda ähmiýeti uly. Munuň ýönekeýje düzgünleri bar. Geliň, olaryň käbirlerine nazar aýlalyň: Gök önümlerdir miweler saçaga äberilmänkä gowja edilip ýuwulmalydyr.

Uzak ýaşlylardan gysgajyk gutlaglar

Baba GARAÝEW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, baýry žurnalist: