"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşiklere hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Ynsan erkinliginiň goragçysy

Žan-Pol Sartr Edebiýat boýunça Nobel baýragyna biziň döwrümize ägirt uly täsirini ýetiren, erkinligiň ruhuna ýugrulan baý pikirleri hem-de döredijilik hakykatyny tapmak ugrundaky gözlegleri üçin mynasyp bolýar. Fransuz filosofy we ýazyjysy Žan-Pol Sartr hemişe Ýewropanyň edebi tankydynyň üns merkezinde saklanýar. Ol hakda jedelleşýärler, onuň bilen ylalaşýarlar, oňa haýran galýarlar, ahyrsoňunda hem, onuň syýasy we filosofik garaýyşlary edebi döredijiliginden öňe saýlanýar.

Alhimiýa jahanyň kalbyna barýan ýol

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ilkinji sanlarynyň birinde häzirki zaman meşhur ýazyjylaryň biri bolan Paulo Koelionyň «Alhimik» eseri O. Çaryýew tarapyndan ussatlyk we ýokary çeperçilik bilen terjime edilip çapdan çykypdy. Bu eser filosofiýa ýykgyn edýän islendik adamyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä dillerinde çap edilen eseriň öz ene dilimizde terjime edilip halka gowuşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Alhimik» eseriniň filosofiki pikirlere baý bolmagy, bir tarapdan, Paulo Koelionyň bu ugra ömrüni bagyş edendigini aňlatsa, beýleki tarapdan, terjimeçiniň hem filosofiýadan çetde däldigini ýaňzydýar. Dünýäniň syrlaryndan söhbet açýan bu eseri ene dilimizde halk köpçüligine ýetirendigi üçin, ussat terjimeçä we žurnalyň agzybir döredijilik toparyna hoşallygymyzy bildirýäris.

«Owaz bilen sözlärin» («Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» top­lu­myn­dan)

Pälwansypat, tegelekden gyzyl ýüzli, epeý-epeý basyşly, agrasdan äwmän gürleýän adamyň keşbi gözde galypdyr. Ondan bäri är ömri geçiberipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda her gün diýen ýaly gabatlaşylan, salamlaşylan wagtlar indi hakyda depderinde ýatlama bolup galdy. Ýaňy ýokarda «gyzyl ýüzli» diýipdim. Şu wagt oýlanýan weli, aslynda ak ýüzli bolup, türkmen ýurdunyň jöwzasyna garalansoň gözüme şeýle görnen bolmaly. Epeý-epeý basyşam ulumsylykdan däldi, ýasawy salykatly bolany üçindi. Birki agyz gep alşyp-alyşmankaň: «Ýaz ýaly adam eken-ow» diýdiräýýärdi. Bir gezek Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şol wagtlar Ýazyjylar birleşmesiniň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýewe pete-pet gelnende, el uzadyp:

Günlerde bir gün

Itiň aň­sa­dy  Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir:

Terjimäniň täsin dünýäsi ýa-da "çaý başyndaky söhbet"

Wagta salym ýok, şo-ol akyp barşy. Ynha, «Dünýä edebiýaty» žurnalam ýap-ýaňy döredilen ýalydy, ýöne, görüp otursak, eýýäm 10 ýaşapdyr. Eliňizde bolsa onuň 60-njy sany. Bizem bu şanly sene mynasybetli žurnalyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň başynda» ýörite söhbetdeşlik gurnadyk. Onda şol geçilen sepgitde çeper terjimede bitirilen işlere seljerme bermäge çalyşdyk.

Degişmeler düwünçeginden

Tüsse dagaýança Iki awçy özara gürleşip dur:

Dünýäniň danalary

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). MARI FRANSUA WOLTER

Faraon

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). ON IKINJI BAP

Afrika syýahat

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Wasiliý Wasilýewiç ÝUNKER,rus syýahatçysy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwary iş güni däl diýlip yglan edildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegi tabşyryldy. * * *

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Her ýylyň özüne mynasyp şygary öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýylyň bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanlylar 2021-nji ýyly garşyladylar

Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam uran Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar. Soňra türkmen paýtagty bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerini baglanyşdyrýan däp bolan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanýandygy yglan edildi. Göni ýaýlym ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi.

Welaýatymyzda Täze ýylda doglan ilkinji çaga

Her gün ýurdumyzyň çar künjünde köp çaga dogulýar, ýöne Täze ýyl gijesinde dogulmak çaga we onuň maşgalasy üçin uly mana eýe. Welaýatymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji gününde  — 1-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Gülüstan geňeşliginiň ýaşaýjylary Babamyrat Kurýazow bilen Totyjan Haýitbaýewanyň maşgalasynda gyzjagaz dünýä indi. Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanlarynyň habar bermeklerine görä, çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly, gyzjagazyň agramy 4 kilogram 100 gram, boýy 52 santimetr. Maşgalanyň bäşinji çagasy bolan bu gyzjagaza milli däp-dessurlarymyza esaslanyp, maşgala geňeşiniň gelen karary bilen Enehan adyny dakypdyrlar.

Arkadagly gül Diýara gadamyň düşsün, Täze ýyl!

Welaýatymyzda Täze ýyl baýramy uly dabaralara beslendi Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar halkymyzyň kalbynda ýakymly ýatlamalary, taryhyň sahypalarynda şanly wakalary bilen öçmejek yz goýan 2020-nji ýyl bilen bütin dünýäni parahatçylyga we özara ynanyşmaga, dost-doganlyga çagyrýan 2021-nji ýylyň sepgidindäki baýramçylyk dabarasy özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdança — welaýatyň baş arçasynyň ýanyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar.

Hoş geldiň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» ýyly!

Bagtyýarlyk eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda toýdan-toýa, belent sepgitlere barýan bagtyýar il-günümiz özi bilen egsilmez şatlyk hem-de ýokary ruhubelentlik getiren Täze ýyl baýramçylygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçmek bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basdy. Mälim bolşy ýaly, eşretli zamanamyzda parasatly döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda her bir täze ýyly özboluşly atlar bilen atlandyrmak ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Täze gadam basylan 2021-nji ýylymyzy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada milli Liderimiziň başlangyjynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanylmagy bolsa her bir türkmenistanlynyň başyny göge ýetiren buýsançly waka boldy. Munuň özi bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna, azyk howpsuzlygy, ekologiýa abadançylygy we dünýä döwletleriniň arasynda özara ynanyşmak arkaly deňhukukly dost-doganlyk hem-de özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edip gelýän hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlarynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Şonuň üçin hem täze gadam basylan ýylymyzyň buýsançly şygaryna laýyklykda, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de özara ynanyşmak arkaly dünýä ýurtlarynyň arasynda ysnyşykly ykd

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaga endik etmeli.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.