Köňül tämizliginiň baýramy

19 Iýul 2021
1396

Halkymyz agzybirligiň gymmatyna, mukaddes däpleriň hormatyna çuňdan düşünýändigi üçin öňden dowam edip gelýän asylly däp-dessurlara, şol sanda Gurban baýramyna-da aýratyn ähmiýet berýär.

Gurban baýramy — halkymyzy bir saçagyň, bir ojagyň, päk niýetiň başynda jemleýän baýram. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Şeýle-de gurbanlykda soýuljak mal sagdyn, ähli agzasy ýerbe-ýer bolmalydyr. Düzgüne görä, gurbanlyk malynyň eti deň üç bölege bölünmeli. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanmaly.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».