Garaşsyz ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşini gazanmak, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny gurmak we öňki bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Bu babatda milli Liderimiziň baştutanlygynda daşary ýurtlar bilen işjeň häsiýetdäki halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň islendik künjeginde milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmeklige, halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmaklyga gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görmek bolýar. Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda gysga döwürde sebitde taýsyz senagat desgalary bina edildi. Ata Watanymyza guwanjyňy, hormatly Prezidentimize buýsanjyňy artdyrýan we Garaşsyzlyk eýýamynyň altyn taryhyna ebedi ýazylýan şanly, ajaýyp wakalar günbatar sebitimiz bilen hem berk baglanyşyklydyr. Tebigy serişdeleriň baý mekany bolan Balkan welaýatynda nebit, gaz, himiýa senagatynyň täze desgalary guruldy. Halkymyzyň ýokary derejede dynç almagyny, saglygyny pugtalandyrmagyny üpjün etmek maksady bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan binagärlik syýasatynyň miwesidir.