Golaýda Malaý gaz käninde ýene bir guwandyryjy waka bolup geçdi. Baýlyklar mekanynda burawlanan nobatdaky guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm buýurmany «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň ussat baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda Malaýda taryhy wakalar, düýpli özgerişler bolup geçýär. Olaryň arasynda ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi aýratyn orunda durýar. Häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan kämil desga bu kändäki guýularyň önüm berijiligini köpeltmekde, ýatakda bar bolan «mawy ýangyjy» has doly möçberde çykarmakda, ahyrky netijede bolsa, tebigy gazyň daşarky we içerki sarp edijilere ugradylýan möçberlerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň hut şeýledigine indi birnäçe aýdan bäri känden öndürilýän ýangyjyň möçberleriniň düýpli artýandygy hem aýdyň subutnamadyr.