Mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmeklige giň ýol açyldy we hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu ugurda örän uly hem-de möhüm işler amala aşyryldy. Düýpli täzeleniş we uly özgerişler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) hem giň gerim aldy. TNGIZT diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň nebithimiýa pudagynyň iri senagat düzümleriniň biridir.
Nebithimiýa senagatynyň iri toplumynyň düzüminde birnäçe kärhanalar hereket edýär. Olaryň arasynda alyp barýan işiniň aýratynlygy we möhümdigi boýunça «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy (KTÝNK) örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. «Kenar» nebit önümlerini saklaýan we ugradýan kärhanasyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen turbageçirijiler baglaýar, şol turbalar arkaly nebit önümleri deňiz nebit guýujy terminalyna akdyrylýar. Şeýle hem bu ýerde awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy gurlup, ol bir ýylda nebit önümleriniň 3 million 850 müň tonnasyny, şol sanda awtomobil benzininiň 1 million 800 müň tonnasyny çeleklere guýmaga we demir ýol bilen ugratmaga mümkinçilik berýär.