Il-halka hyzmat — ömrüň manysy

7 Aprel 2021
2491

Her ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli guralýan forumda türkmen işewürlerine dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini açyp görkezmäge, pikir we tejribe alyşmaga, öňde goýlan maksatlary beýan etmäge giň mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilip, häzirki wagtda 26 müňe golaý agzany özüne birleşdirýän bu birleşmäniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen türkmen önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda ýurdumyzyň hususy pudagynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan beýik ýeňişleriň dünýä nusgalykdygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu sergide harytlaryň bolçulygy-da, diwarlyklaryň bezegi-de öňkülerden has üýtgeşik boldy. Onda şanly toýlara zähmet sowgatly barýan türkmen telekeçileriniň täze önümleri bada-bat gözüňe ilýär. Şonuň ýaly-da, nobatdaky gözden geçirilişde täze ýüzleriň, ýagny sergä ilkinji gezek gatnaşýan hususy kärhanalaryň öňkülerden agdyk bolandygyny bellemeli. Munuň özi döwlete dahylsyz pudagyň hatarynyň innowasion tehnologiýalarda işleýän täze önümçilikler bilen artýandygynyň alamaty. Esasan-da, dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň hil derejesiniň ýokarylygy, süýji tagamy we harytlyk görnüşi dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygynyň alamaty. Şeýle-de senagat we gurluşyk harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde, düýpli gurluşyklarda, ulag-aragatnaşykda, dürli hyzmatlar, şol sanda elektron hyzmatlary babatda türkmen işewürleriniň ýeten belent sepgitleri diýseň buýsandyrýar.

Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW,
«Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy.