Çagalaryň röwşen geljegi — Watanymyzyň bagtyýarlygy

20 Ýanwar 2021
1634

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy» boýunça ýerine ýetirilmeli işlere hem badalga berildi. Bu maksatnama ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly çäreleriň depginini çaltlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we islendik ýaşda hemmeler üçin abadançylyga ýardam bermek» diýip atlandyrylýan 3-nji hem-de «Hemmeleri öz içine alýan we adalatly hem-de ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin tutuş ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiligini höweslendirmek» atly 4-nji maksadynyň, ilkinji nobatda, çagalaryň ösüşi hem-de abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy göz öňünde tutulanda, munuň özi ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň öňünde hem jogapkärçilikli wezipeleri goýýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýmek bilen, ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleri döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Bu günki gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, oba ýerlerinde häzirki zaman bilim ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim hem-de döredijilik merkezleri gurlup, olar iň döwrebap okuw tehnologiýalary, innowasion multimedia we interaktiw enjamlary bilen üpjün edilýär. Her ýylda birinji synpa gadam basýan ýurdumyzyň ähli körpelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berilýär. Şeýlelikde, körpelerimiz mekdepde okamagyň ilkinji ýylyndan başlap, kompýuterde işlemek endiklerini ele alýarlar.

Nabat RAHYMOWA,
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 7-nji «Altyn açarjyk» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.