Sanly ulgam — rowaçlyga badalga

20 Ýanwar 2021
1612

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ykdysady ösüşleriň ýokary depginlerini gazanmak, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň bank ulgamy hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi hökmünde beýik ösüşlere özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň artdyrylmagy ykdysadyýetiň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şunda bank kartlarynyň «Internet-bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Cash back» «Owerdraft» ýaly görnüşleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. «Elektron söwda» — harytlaryň we hyzmatlaryň gyssagly wagt tertibinde internet ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirilmegidir. «Owerdraft» — bu müşderide erkin pul serişdeleriniň bolmadyk ýagdaýynda bank tarapyndan serişdeleriň berilmegini üpjün edýär. Golaýda «Türkmenistan» döwlet banky täze «Owerdraft karty» dolanyşyga girizdi. Bu täze kart «Altyn asyr» bank kartlarynyň eýelerine hasapda pul serişdesi bolmadyk ýagdaýynda aýlyk hakynyň belli möçberine çenli karz almaga mümkinçilik berýär. Amatly we çalt hyzmat etmäge gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň bank ulgamyna örän çalt depginlerde ornaşdyrylmagy müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmaga, pul dolanyşygynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn şertleri döredýär.

Goý, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kemal ALLABERGENOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.