Döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirip

16 sagat öň
24

Ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň strategik ugurlarynyň hatarynda telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleriniň, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň güwäsine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň milli aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda telekommunikasiýalaryň köpşahaly ulgamy hereket edýär. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň elýeterliligi ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrýar. Häzirki wagtda sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy serişdesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron önümleri we aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary döreýär. Onuň ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara uly täsirini ýetirer.

Jeren HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.