Täze ýyl baýramynyň dabaralary

1 gün öň
41

Arzuwlaryň şowhunly toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmen halky 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti we ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde “Tarypyň dillerde dessan, eziz Watanymyz jan Türkmenistan!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleri aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.