29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.