Melhemler hazynasynyň täze jildi

25 Noýabr 2024
262

Saglyk bagta barýan ýollaryň badalgasydyr we ahyrky jemidir. Türkmençilikde hal-ahwal soraşylanda «saglykmy?» diýilmeginiň, hoşlaşylanda: «Saglykda görşeliň!» diýlip arzuw edilmeginiň, il içinde «Sag başym — soltan başym» diýen ýaly ýörgünli pähimiň häli-şindi ulanylmagynyň hikmeti özündedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diýmek diňe synalaryň abatlygy däl, eýsem, ruhuň we bedeniň sagdynlyk sazlaşygyny, umuman, dogry ýaşamagyň ähli kadalaryny öz içine alýar. Doly bahaly saglyk bolsa tebigat bilen, tebigata ýakynlyk bilen mümkindir. Tebigata söýgi — Watana söýgi. Diňe Watanyny söýýän ynsan onuň ot-çöpleriniň hem diline düşünip biler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy tebigata söýginiň, halka hyzmat etmegiň hakyky nusgasy hem-de hünär baýramçylyklaryny dabaralan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy.

«Diýar».