Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly

21 Noýabr 2024
312

Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy.

Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda, beýleki möhüm resminamalarda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy Milletler Bileleşigi bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslamany durmuşa geçirýär. Şu ýylyň sentýabrynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselesi-de wajyp ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Şolaryň arasynda Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyjy hem bar. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly energiýanyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezliginden we özara baglanyşyklydygyndan ybaratdyr.

Ruslan JUMAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.