Beýik özgertmeler bagtyýarlygyň kepilidir

20 Noýabr 2024
291

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýokary derejede gülläp ösýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň barha ýokarlanýandygy ajaýyp zamanamyzyň buýsandyryjy hakykatydyr. «Geçilen ýollar, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolup geçýän beýik özgertmeler, amala aşyrylýan tutumly işler ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine göterýär.

Dünýäde uly abraýa eýe bolýan ýurdumyzyň ähli ýerlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilik toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, desgalar Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň döwlet derejesindäki aladalarynyň netijesidir. Gurluşyk işleri giň gerime eýe bolup, täze binalar we desgalar yzygiderli ulanyşa tabşyrylýar. Muňa mysal edip, welaýatymyzyň çäginde ulanmaga berlen «Etrek» elektrik bekedini, ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň toplumyny görkezmek bolar. Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.

Maksat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.