15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli «Körpeje» gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.