Zyýada ýyl — zerewşan

1 Ýanwar 2021
4140

«Sypalasaň, ýumşak sypaň bolaryn. Silkeleseň, buýnuzym ýaly gaty tagta dönerin» diýýän sygyr malyny halkymyz rysgal-berekediň çeşmesi hasaplaýar. Gapysynda göleli sygry bar maşgala edil gyzylly humuň eýesi ýalydyr. Ertir bir bedre, agşam sagymynda hem şonçarak süýt berýän sygryň bolsa, bala-çaga birenaýy ýaýrap-ýaýnaýandyr. Süýt-gatygyň düzümindäki peýdaly ýokumlar çaga-çugadyr garry-gojalaryň süňk-süýeginiň berkemeginde, saglygynyň sazlaşmagynda bahasyz dermandyr. Şol sebäpli-de pederlerimiz elmydama sygyr ýylyny hoşnutlyk bilen garşylapdyrlar. Bereket-bolçulygyň edil süýt ýaly dolup-daşjagyna berk ynanypdyrlar. Sygyr ýylynyň ýagyş-ýagmyra baý bolmagy meýdanlarda ot-çöpi boladypdyr. Ekin-dikin leýsan bolup, mal-gara, guş-gumry köpelip-känelip, guzulap-owlaklap, jüýjeläp-jäjeläp, toýlary goşalandyrypdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda sähra-düzlerimize bereket nury bolup inen ak garyň galyňlygy hem şol ata-baba ýörelgeleriň tebigat bilen sazlaşykda dowamatlygyna güwä geçip, kalbymyzda ýüzläp-ýüzläp ýakymly ýatlamalaryň ýaňadan ýaşamagyna itergi berýär.

Oba çagalarynyň arasynda daň säher bilen oýanyp, sygyrlaryny padymana goşup gelmegi arzuw etmeýäni bir barmyka?! Megerem, bu sözlere öz ýanyňyzdan bir ýylgyryp, gaýybana başyňyzy iki-ýana ýaýkansyňyz. Sebäbi, daňyň kuýaşy säher tämizligine ýaňy garyşyp ugrandan oýanmaga meýillisiň. Oýkanjyrap, eýläňe bir agdarylyp, beýläňe bir agdarylyp, kynam bolsa, süýjüje ukudan araňy açmaga çalşarsyň. Ýatyp galdygyň, çaga hezillikleriniň köpüsinden mahrum boljagyň ikuçsuzdyr. Onsoň agşamara işleriňden dynyp, tomus günleri-hä, tikýän tahýajygyňy eliňe alyp, gyşyna-da pagta çigitlemek üçin ýylyjak pejiň başyna üýşülende, joralaryňdyr dostlaryň gyzykly gürrüň bereninde, goşulyp bilmän, bir gyrada galyberersiň. Şonuň üçinem saba bilen oýanan käbäň gölejigini ýagşy eýdirip, sygryňyzy taryplap ugrandan, gözüňiz ýalpyldap açylar. Gulak asyp ýatyşyňa:

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».