Täzelikleriň ýyly boldy

1 Ýanwar 2021
2037

Ýyllaryň şöhraty goýnunda bitirilen işleriň derejesi bilen ölçelýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda hem ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda bitirilen işler, ýola goýlan täze önümçilikler barada aýdara-diýere zat kän. Gazetimiziň baýramçylyk sanynda biziň welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň önümçilik täzelikleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik.

Merkezi Aziýada iň uly keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhana. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Halaç etrabynda açylan täze kärhanada keramiki-bezeg önümleriniň ýylda 200 müň tonna golaýyny öndürmäge mümkinçilik bolar. Muny täze kärhanadaky işleriň ilkinji depgini hem tassyklaýar. Işläp başlanyna heniz bir aý hem geçmedik kärhanada her gün 500 ― 550 tonna çenli önüm öndürilýär. Robot tehnologiýasy bilen işleýän kärhananyň önümlerine eýýäm daşary ýurtlardan isleg hem kän.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.