Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

12 Noýabr 2024
299

Dünýä akyl ýetirmegiň açary ylym-bilim hasaplanýar. Adamzat bilimleri özleşdirip, ylym öwrenip, öz-özüni açýar, şeýdip kämil şahsyýetler kemala gelýär. Bilim almak, ylmy özleşdirmek, bilenleriňi paýlaşmak ajaýyp işdir. Geçmişden bäri ata-babalarymyz bilime teşne, ylma yhlasly halkdygy bilen dünýä bellidir. Türkmen topragynda ýerleşen irki medreseler, mekdepler, meşhur kitaphanalar, ylym-bilim ojaklary munuň şeýledigine güwä geçýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürilýän ylym-bilim ulgamynyň geljegi has-da aýdyňlaşýar. Elbetde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary» diýen sözleri bu aýdyň geljegiň şamçyragydyr. Bu geljek halkyň bagtly geljegidir, bagtyýarlygydyr.

Begenç ALYÝEW,
Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiň müdiri.