Hasyl toýunyň şanyna

11 Noýabr 2024
218

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylda Hasyl toýunyň bellenilip geçilmegi babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmetine uly baha bermekdir, olaryň armasyny ýetirmekdir.

Balkan welaýat häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňünde Hasyl toýy welaýat derejesinde giňden bellenildi. muňa ähli pudaklar bilen bir hatarda, «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli edara-kärhanalarda zähmet çekýän bagtyýar nebitçilerimiz hem gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda milli toý tagamlaryny taýýarlamakda zenanlaryň arasynda bäsleşik hem yglan edildi. Bäsleşige dokuz topar gatnaşyp, şolaryň biri-de «Türkmennebit» DK-nyň zenanlar guramasydyr. Nebitçi zenanlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ruhlanyp, dürli toý tagamlaryny taýýarlap, 2-nji orny almagy başardylar.

Ogulbibi ŞYHYÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy.