Maýanyň hasabyna galkynýan ykdysadyýet

10 Noýabr 2024
254

Syýahatçylyk pudagy, ajaýyp aşhanasy, hytaý, hindi, Ýewropa däpleriniň täsirinde ornaşan medeniýeti bilen tanalýan Malaýziýa häzirki wagtda ösen ykdysadyýetli ýurt hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ummanyň içinde ýerleşýän ýurt soňky ýyllarda hyzmatlar pudagynyň, içerki sarp edijileriň hem-de ýerli telekeçileriň hasabyna güýçli ösüşi başdan geçirýär. Muňa 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde hasaba alnan 5,9 göterimlik ykdysady ösüş hem (2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 4,2 göterime deň boldy) şaýatlyk edýär. Malaýziýanyň Merkezi bankynyň hünärmenleri ýokary depginli ösüşi daşary ýurt maýa goýumlarynyň köpelmegi, içerki islegiň we eksportyň geriminiň giňemegi bilen düşündirýärler.

Ýurduň ykdysadyýeti soňky 4 ýylda ortaça 4,5 göterim (ýyllyk) ösüp, bu babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde 15-nji orunda durýar. Şol bir wagtda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň hakyky (real) ýyllyk ösüşi 4,8; hümmetsizlenme 2,8; işsizlik derejesi bolsa 3,5 göterime deňdir. Ýurduň Merkezi bankynyň hasabatyna laýyklykda, Malaýziýanyň jemi içerki önüminiň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 1,043 trillion amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň 12 253 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Uzakmöhletleýin meýilnamalaryň netijesinde bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 12 779, 2026-njy ýylda bolsa 13 342 amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. «Statista» portalynyň hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, Malaýziýanyň jemi içerki önümi we adam başyna düşýän jemi içerki önümi 2024 — 2029-njy ýyllar aralygynda degişlilikde, 41,3 we 33,85 göterim ýokarlanyp, 181,6 milliard amerikan dollaryna hem-de 17 591 amerikan dollaryna deň bolar. Malaýziýanyň Statistika komitetiniň 21-nji oktýabrda beren çaklamalaryna görä, ýurduň jemi içerki önümi hyzmatlar we önümçilik pudaklarynda gazanylan girdejileriň hasabyna iýul — sentýabr aýlarynda 5,3 göterim («Bloombergiň» çaklamasy 5,1 göterimdi) ösdi.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».