«Haly dokar, keşde çeker elleri»

6 Noýabr 2024
298

Şeýle at bilen öňňin Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşige topar bolup gatnaşan zähmet mugallymlary öz el işlerini sergi görnüşinde taýýarladylar. Onda ene-mamalarymyzdan galan gadymy gymmatlyklardan nusga alyp döreden mugallym zenanlaryň on barmagyndan dörän biri-birinden owadan el işleri, türkmen halylary, inçeden sünnäläp edilen keşdeleri, keşde önümleri hem-de alajalaryň görnüşleri bar.

Maýa MUHAMMEDOWA,
Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.