Rysgal-berekediň baýramy

6 Noýabr 2024
229

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň uly ruhubelentlik bilen bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynda gazanan üstünlikleriniň, bu ugurdaky ösüşlere edermen babadaýhanlarymyzyň goşan mynasyp goşandynyň aýdyň görkezijisi bolan Hasyl toýy mynasybetli ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak işlerinde giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän giň goldawdan, hemmetaraplaýyn mümkinçilikden netijeli peýdalanýan gallaçylarymyz, babadaýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, özleriniň irginsiz yhlasy, tagallalary bilen täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri hem, bagtyýar ildeşlerimiziň çeken zähmetine mynasyp baha berilýär. Her ýylda Hasyl toýy mynasybetli Diýarymyzyň ykdysady üstünliklerine saldamly goşant goşan, zähmetde tapawutlanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň aýdyň dabaralanmasy bolup, her birimiziň ýüregimizi buýsanç duýgularyna besleýär.

Eziz SÄTDURDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň magistranty.