Röwşen geljegiň eýeleri

6 Noýabr 2024
280

Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli ýaşlary Watanyň daýanjyna deňemek bilen, ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň geljekde gerekli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmagy, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýaşlaryň ygtyýaryna berilmegi bolsa dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine getirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen yzygiderli duşuşyp, durmuş wesýetlerini we maslahatlaryny bermegi olaryň ruhlaryna ruh goşýar. Biz bu hakykata ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar bilen duşuşmaga döredilen mümkinçiligiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu duşuşyk ýurdumyzda halkara bilim syýasatynyň ösmegi bilen birlikde türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ylym öwrenmeklerine, zerur hünärleri ele almaklaryna, başarnyklaryny artdyrmaklaryna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu ugurdaky mümkinçiliklerden ugur alnyp, biziň bilim ojagymyzda hem dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen onlaýn arkaly ylmy-amaly maslahatlardyr bäsleşikler, tejribe alyşmalar yzygiderli geçirilýär.

Gowşut ÝAZHANOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.