Gadymdan meşhur melhem

23 Oktýabr 2024
336

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenary hem dermanlyk ösümliklere baý bolup, ol ýerde esasan hem, buýan ösümligi köpdür. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.

Buýan kökünde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal saklanýar» diýlip, onuň şypalylygy barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Golaýda bu ajaýyp kitabyň täze jiltiniň çapdan çykmagy bolsa biziň üçin diýseň ýakymly waka boldy.

Aýnur ILMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.