Saglygymyz öz elimizde

23 Oktýabr 2024
332

Güýz paslynda hem edil beýleki pasyllardaky ýaly, sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalyşmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmit kabul etmek bedenimize zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpden her pasla görä öz durmuşyňy sazlaşdyrmak zerurdyr. Şeýle-de döräp biljek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen her birimiz şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidiris.

Kesel dörediji ýokançlaryň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Şol sebäpden narpyzly, ary bally we limonly çaýlary içmeli. Bular bilen bir hatarda gündelik iýmitimizde gök önümleri, miweleri, et we süýt önümlerini kabul etmegi endik edinmeli.

Akmyrat PENJIÝEW,
Hojambaz etrap hassahanasynyň lukmany.