Siz muny bilýärsiňizmi?!

20 Oktýabr 2024
662

Kirpi. Çagalar, kirpijikler size tanyşmy?! Kirpiler örän täsin jandarlaryň biri hasaplanylýar. Onuň arkasy tikenler bilen örtülen bolup, bu tikenler ony dürli howpdan goramaga kömek edýär. Kirpiler adamlara howp salmaýar. Onuň kiçijikden tegelejik burunlary bolup, ys alyjylygy güýçli ösendir. Onuň ýiti gözleri we akja keýerip duran gulajyklary bardyr. Kirpileriň eşidişi has kämildir. Olaryň 18 ýyllyk ömri bar. Olar, köplenç, gijelerine awa çykýarlar. Özüne howp abanýan pursatlarynda arkasyndaky tikenli örtügi onuň hemme bedenine ýumak görnüşinde örtülýär. Boýlary 13-30 santimetr aralygyndadyr. Olaryň agramy 400 gramdan 1 kilogram aralygynda bolup bilýär. Tikenleriniň uzynlygy 2-3 santimetr aralygyndadyr. Kirpiniň bedenindäki tikenleriň sanynyň ortaça 6 müňe golaýdygy anyklanyldy. Dünýä ýüzünde Malaýa kirpisi ýeke-täk tikensiz kirpi hasaplanylýar.

Pyşdyl. Bular örän haýal jandar hasaplanylýar. Onuň kellesi göwresine görä, örän kiçijikdir. Agyzlary bolsa adaty guşlaryň çüňküne meňzeýär. Pyşdyllaryň gury ýerde, batgalyklarda we deňizlerde ýaşaýan görnüşleri bardyr. Aýaklarynyň barmaklarynyň uçlaryndaky dyrnaklary örän ýitidir. Gury ýerde ýaşaýan pyşdyllar örän haýal hereket edýärler. Munuň tersine, deňizlerde we batgalyklarda ýaşaýan pyşdyllar diýseň çalasyn hereket etmegi başarýarlar. Batgalyklarda ýaşaýan pyşdyllaryň yzky aýaklarynyň barmaklary dörtdür. Deňizde ýaşaýan pyşdyllaryň aýaklarynyň barmaklary bolsa bitişikdir, olary perdeler birikdirýär. Bu perdeler pyşdylyň suwda ýüzmegi üçin has amatly şerti döredýär.

Toplan Jennet NAZARLYÝEWA,
Tejen etrabyndaky 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.