Gadymy Änew — müdimi Änew

16 Oktýabr 2024
428

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, Änew şäheri türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän, milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. Geçen asyryň başlarynda Änewiň depelerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki görnükli alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu hakynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinde hem giňişleýin gürrüň berilýär.

Mälim bolşy ýaly, 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki milli «Ak bugdaý» muzeýiniň binasynda geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem meşhur arheologlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, şeýle-de onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, Türkmenistanyň ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik gazuw-barlag işlerini alyp barýan daşary ýurtly alymlaryň we hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň, muzeý işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen bu halkara ylmy duşuşyk çuňňur many-mazmuna eýe boldy.

«Esger».