Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

13 Oktýabr 2024
335

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak «emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen, maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar» üçin berildi.

Laureatlaryň ikisi-de statistiki fizika bilen meşgullandy. Bellenilişi ýaly, olaryň işi ahyrky netijede maşyn bilimi ugrunda we emeli aňyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylýan döwrebap neýroulgamlaryň döremegine getirdi.

Taýýarlan: Serdar GÖKOW,
TDBGI-niň talyby.