Suw gadyryny balyk biler

9 Oktýabr 2024
533

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Aýrylyp» atly şygrynda «Suw gadyryny balyk biler» diýip aýdýar. Balygyň ömri suw bilen bagly. Balyklar ýaşaýan suw giňişligi bilen baglylykda süýji suwda ýaşaýan, göçýän, şeýle hem şor suwda ýaşamaga uýgunlaşan toparlara bölünýärler. Gojaman Hazar deňzinde hem kepir, çapak, garabalyk, takgaz, kefal, külke, şeýle hem doky, bekre, tirana ýaly gymmatly balyklaryň ençeme görnüşi bar.

Söp balygy bekre balygynyň bir görnüşidir. Ol bekre balyklarynyň beýleki görnüşlerinden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murtlarynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 220 santimetre, agramy 80 kilograma çenli ýetýänleri hem bolýar. Olar Hazar deňziniň türkmen kenarynda çuňlugy 10 metrden ýokary bolan ýerlerde ýaşaýarlar. Bu balyklar köpelmek üçin derýalara geçýärler. Ýaz-tomus döwründe suwuň derejesi 15-20 gradusa ýetende, köpelýän söp balyklarynyň önümliligi 280 müňden 576 müň işbile çenlidir. Otuz ýyldan gowrak wagta çenli ýaşap bilýän söp balygy düýbünden ýitip barýan görnüş bolup, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.