Aziýanyň göwher gaşy Aşgabat

7 Oktýabr 2024
356

parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň, döredijilikli başlangyçlaryň şäheri

Agzybirliginden we jebisliginden egsilmez döwlet tapýan merdana, zähmetsöýer halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny giňden baýram etdi. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda gazetimiziň degişli sanlarynda ýörite sahypalary taýýarlap, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de onuň barha özgerýän täze, nowjuwan sebitinde — Arkadag şäherinde şu ýylyň dowamynda geçirilen dürli çäreler, bitirilen işlerdir gazanylan üstünlikler bilen okyjylary giňişleýin tanyşdyrypdyk. Ynha, bu gün bolsa dünýäniň nazaryny ýene-de Türkmenistana gönükdirjek möhüm wakalaryň öňüsyrasynda şeýle sahypalaryň özboluşly jemlemesi hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aziýanyň dür-merjeni ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň durmuşynda bolup geçen käbir wakalara, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen beýik işlere okyjylaryň dykgatyny ýaňadan çekmegi göwnejaý bildik.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».