Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

16 Sentýabr 2024
474

Garaşsyzlyk — bu ata Watan Türkmenistan üçin özgerişleriň buşlukçysy, ösüşleriň badalgasy boldy, asylly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine getirdi, gadymy milletimiziň erkine, din-ynanjyna, arzuw-isleglerine, maddy baýlyklaryň ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmegine, medeni gymmatlyklarynyň dikeldilmegine we ýaýradylmagyna giň ýol açdy. Eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şöhratynyň dünýä dolýan gysga döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap çagalar baglary we mekdepler, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi, medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgähler we sport toplumlary guruldy. Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik we gurujylyk güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan bu üstünlikler geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzy milli buýsanjymyza öwürdi.

Garaşsyzlygyň beren datly miweleri barada gürrüň gozgalanda, Aşgabat şäheriniň ýeten beýik sepgitleri, gysga wagtda gurlan Arkadag şäheriniň çawunyň dünýä ýaýraýşy, bularyň ikisiniň hem ýaşamak üçin amatly şäherler hökmünde daşary ýurtlar tarapyndan ykrar edilişi buýsandyrýar we begendirýär.

Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor.