6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.