Biziň köçe-ýol hereketine gatnaşyjylar bolanymyz üçin onuň howpsuzlygyny berjaý etmek ömrümiziň rahatlygyny goramakdyr. Bu diňe sürüjiniň däl, eýsem, köçe-ýol hereketine gatnaşýan her bir adamyň, ýolagçynyň borjy bolup durýar. Biz — ene-atalar perzentlerimize ýoldan geçmegiň tertibini düşündirmelidiris. Aýratyn-da, kiçi ýaşly çagalar mekdebe gidenlerinde ýerasty geçelgelerden geçmelidigini nygtamalydyrys. Ulagdan, ýagny awtobusdan düşülensoň, onuň öňünden däl-de, yzyndan aýlanyp geçmelidigini häli-şindi çagalara ýatladyp durmaly. Çagalaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy hakyndaky kadalary özleşdirmeginde ene-atalaryň paýyna düşýän jogapkärçilik uludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän şaýollar giňligi, sürüjiler hem-de ýolagçylar üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Oklaw ýaly göni, iki gyrasy baglar, güller bilen bezelen aýna ýaly ýollarda gözegçilik enjamlary, ýol yşyklary, ýörite gullugyň gözegçileri ýolagçylaryň howpsuzlygynyň goragynda durýarlar. Ýerasty geçelgeler, pyýadalar üçin ýörite geçelgeler, ýanýodalar raýatlaryň hereketiniň rahat bolmagy ugrunda döredilen şertlerdir. Şu zatlary synlap, halkymyzyň arkaýyn ýaşamagy, zähmet çekmegi, nesillerimiziň okamagy barada edilýän aladalaryň bimöçberdigine göz ýetirýärsiň.