Tebigaty goramak — möhüm mesele

28 Awgust 2024
569

Ýurdumyzda tebigatyň bize eçilen gözelliklerini hem-de onuň biodürlüligini gorap saklamak babatda uly işler geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we bag nahallaryny ekmek bilen, tebigaty has-da baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler munuň subutnamasydyr. «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

Halkymyzyň tebigaty goramak we oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kanunçylyk binýady berkidilýär we kämilleşdirilýär. Bu ugurdaky döwrebap kanunlar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Amanberdi AŞYRBERDIÝEW,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň bölüm başlygy.