Günebakar — ýag berýän ekin

30 Iýul 2024
540

Günebakar (Helianthus L.) ösümliginiň 250-den gowrak görnüşi bar. Ol bir we köpýyllyk otjumak, ýarymgyrymsy we gyrymsy ösümlikdir. Birýyllyk ekilýän günebakar (Helianthus annus L.) we köpýyllyk günebakar — ýer armydy (topinambur). Günebakaryň bezeg hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän görnüşine ylmy dilde «Helianthus cucumerifolius» diýilýär. Ol häzirki wagtda Helianthus annus L. hem-de Helianthus çultus — medeni günebakar we Helianthus ruderalis — ýabany günebakar görnüşlerine bölünýär. Günebakaryň ýabany görnüşi (Helianthus ruderalis L.) haşal otlara degişlidir. Olar medeni görnüşleriň başlangyçlary bolup, Amerika sebitlerinde duş gelýär.

Günebakaryň medeni görnüşi dünýäde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ilki ol bezeg ösümligi hökmünde ulanylypdyr. Soňra ösümlik ýagyny almak üçin we seçgisi arkaly çigitlenýän görnüşleri döredilip, ekerançylykda ulanylyp başlapdyr. Seleksion ylmy-barlag edaralarynda hem günebakaryň siloslyk görnüşleri döredilip, maldarçylykda ot-iým bolup hyzmat edýär.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.