Bakjaçylaryň yhlasy

24 Iýul 2024
555

Ýurdumyzyň daýhanlarynyň gazanýan üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň ösüşlere beslenmegine, azyk bolçulygynyň has-da berkemegine itergi berýär. Munuň şeýledigini 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki hasabatlar-da tassyklaýar. Onda şu ýylyň geçen 6 aýynda oba hojalyk pudagynda 5,8 göterim ösüş gazanylandygy nygtalýar. Pudagyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegi üçin bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlarymyza ýeňillikli goldaw-hemaýatlary berýär. Şeýle hemaýatlardan netijeli peýdalanýan hojalyklaryň biri-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýolly» daýhan hojalygydyr.

Ene topraga idi-yssuwat etmekde köplere görelde bolýan, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görýän Aždarguly Rejepgulyýew ogly Maksada daýhançylyk kärini heniz ýaşlykdan öwredip başlaýar.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Akmyrat MÜRZÄÝEW.