Bilim işgärleriniň baýramçylyk sowgady
Şu ýylyň 9-njy dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen dabara ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdy. Bu çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçiliklerine hoşallyk sözlerini aýtdylar. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmek ugrunda çeken döredijilikli zähmeti hem-de aýratyn pedagogiki ussatlygy üçin öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.