Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, röwşen geljege tarap öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar gurulýar, milli ykdysadyýetimiz has-da kuwwatlanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Biz muny halk bähbitli beýik işlerden, gurlup ulanmaga berilýän desgalardan, ýaşaýyş jaýlaryndan we medeni-durmuş ähmiýetli binalardan aýdyň görýäris. Muňa mysal edip, diňe şu ýylda gurlup ulanmaga berlen ençeme taryhy ähmiýetli desgalary görkezmek bolar. Şu ýerde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýaly taryhy wakalary bellemek bolar. Şeýle hem Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleri taryhy wakalaryň hatarynyň üstüni ýetirdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki ajaýyp döw