"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ça­ga­la­ryň öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­ly­gy

gy­zyk­ly pur­sat­la­ra baý bol­dy Şu ýylyň 19 — 22-nji aw­gusty­ aralygynda ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy di­ňe bir işe­wür­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek­le­ri üçin aja­ýyp meý­dan­ça bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ene-ata­lar we ça­ga­lar üçin öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne hem öw­rül­di. Ol ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky giň göçme meý­dan­ça­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Gündogar sebitiň genji-hazynasy

Köýtendagda dürli görnüşli minerallaryň, magdanlaryň we beýleki dag jynslarynyň ummasyz uly gorlarynyň bardygyny alymlar geçen asyryň ortalarynda anykladylar. Olary özleşdirmek üçin şol döwürde «Gündogar Türkmenistan sebit önümçilik toplumy» diýilýän toplum döredilen-de bolsa, netijeli işler edilmedi. Bu sebitiň baýlyklaryny özleşdirmäge diňe ýurdumyz garaşsyzlygyna eýe bolandan soň çynlakaý girişildi. Magdanly şäherinde «Gurluşyk materiallary» kärhanasy döredilip, ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin zerur bolan önümleriň birnäçesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ýerdäki Künjek obasynyň golaýynda «Künjek» çagyl kän müdirligi döredildi. Onuň önümleri diňe Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de uly islegden peýdalanýar. Köýtendagyň etegindäki gaty gatlaklar öwrenilende, sement önümçiligi üçin zerur bolan hekiň we gipsiň uly gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Netijede, bu sebitde ýene-de bir senagat desgasynyň, ýagny sement zawodynyň gurluşygyna girişilip, ol 2013-nji ýylda ulanmaga tabşyryldy...

Ilatyň eşretli ýaşaýşynyň bähbidine

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşleriniň ahyrky maksady halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmakdyr. Senagat, azyk pudaklarynyň ileri tutulyp ösdürilmegi ilatyň zerur harytlar bilen üpjün edilişini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine welaýatymyz boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň geçen ýanwar — iýul aýlarynda welaýatymyzda bölek satuw haryt dolanyşygy 9 milliard 268,2 million manada barabar boldy. Şonuň netijesinde geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 11,3 göterim artyş depgini gazanyldy. Söwdanyň döwlete degişli böleginde haryt dolanyşygy durnukly artýar. Hasabat döwründe welaýatymyzyň bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde onuň tutýan paýy 9,9 göterime barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 90 göterimden hem köpdür. Özi-de bu bölekde üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynda geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 11,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde bolsa 7 göterime barabar boldy.

Ugur Halk Maslahatynyň mejlisine!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi bagtyýar ildeşlerimiziň aňynda ykbal özgerdiji, arzuwlary wysalyna ýetiriji geňeşe öwrüldi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine-de gün sanap garaşylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda geçiriljek mejlise ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda, biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Ählihalk geňeşine taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygy Ahmet Bazarowa ýüz tutduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi: — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň prezidiumynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän her bir mejlisinden soň welaýatymyzda degişli işler berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek babatynda Milli Liderimiziň hut özüniň bize görelde görkezmegi bolsa işlerimizi ep-esli ýeňilleşdirýär we has aýdyňlaşdyrýar.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Onuň çäginde çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň sagdyn, ruhy taýdan kämil, intellektual taýdan ösen şahsyýetleri kemala getirmekde, ýaşlaryň döwrebap bilim we netijeli dynç alşyny sazlaşykly guramakda başyny başlan başlangyçlarynyň oňyn netijelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Ýurdumyzda kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw we terbiýeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş we sport toplumlarynyň, çagalar üçin dynç alyş merkezleriniň döwrebap binalarynyň gurlup, ýaş türkmenistanlylaryň hyzmatyna berilmegi ata Watanymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryndadyr saglygy goraýyş merkezlerinde ýaş nesliň nurana ertirlerini berkarar etmek ugrunda aýratyn alada edilýär. Şeýle hem her ýylyň tomsunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we ýurdumyzyň beýleki sapaly ýerlerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna Hazaryň şypaly kenary gujagyny giňden açdy. Bu tomus olara russiýaly çagalaryň hem goşulmagy we deňiz kenarynda dürli med

Bagtyýar çagalygyň mekany

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp-ulalmaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada uly aladalar edilýär. Olaryň döredilýän şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak babatda amala aşyrylýan işler hem oňyn netijelerini berýär. Bagtyýar çagalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirdiler. Dynç alyp, saglyklaryny berkiden çagalaryň arasynda guralan dürli medeni-sport çäreleriniň olarda iň ýakymly ýatlamalary galdyrandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Elbetde, ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen hemişelik meşgullanmaklaryny gazanmakda şeýle çäreleriň täsiri örän ýokarydyr. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bolsa ýurdumyzyň dost-doganlygyň, bagtyýar çagalygyň mekanydygyny äleme aýan etdi.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ertirleriniň hem has-da eşretli bolmagy ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ajap eýýamymyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç alýandygyny aýdyň subut edýär.

Milli buýsanjymyz

Türkmen halky mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwyny durmuşa geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Özbaşdak döwletiň kemala gelmeginiň hem-de pugtalanmagynyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzyň raýatlary giň hukuk şertleri we azatlyklar bilen üpjün edildi. Ýurtda döredijilikli zähmet çekmäge, mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, dünýä bileleşigindäki orny has-da pugtalandy. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitleriň netijelerine taryhy nukdaýnazardan göz aýlap, durmuşyň ähli ugrunda uly ösüşleriň gazanylandygyna guwanýarsyň. Türkmen halky öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, agzybirlik bilen döredijilikli zähmet çekip, eziz Watany gül-gülzarlyga, täze üstünliklere beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, il-günüň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek boýunça täze maksatnamalara badalga bermegi ýurduň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýar.

Garaşsyzlygyň döredijilik gudraty

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan halkyň hatyrasyna ilerlemek we gülläp ösmek babatda batly gadam basyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde kemala geldi, kuwwatlandy, täze ösüşler bilen öňe ilerleýär. Taryh üçin köp bolmadyk döwrüň içinde gazanylan üstünlikler ähmiýeti boýunça asyrlara barabar boldy. Bu gün öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, mähriban Diýarymyz dünýä giňişliginde okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ösüş-özgerişlere eýe bolan ugurlaryň biri-de binagärlik-gurluşyk ulgamydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda türkmen binagärleriniň gatnaşmaklarynda gurlan ilkinji «akylly» şäherde ajaýyp binalar, täsin desgalar, gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary göreni haýrana goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Welaýa

Aziýanyň merjeni

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyz tanalmaz derejede özgerip, ähli ugurlarda akylyňy haýran edýän ösüşlere eýe bolundy. Ak mermerli paýtagtymyz täze keşbi, nowjuwan görki bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň bir-birinden belent we kaşaň ymaratlary, täsin binalary, köpugurly köprüleri, aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl begresli seýilgähleri, ajaýyp çüwdürimleri we beýleki desgalary baş şäherimize özboluşly gözellik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäginde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän desgadyr binalar bolsa, Aşgabady dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini hem-de göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hataryna goşmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegine 33 ýyl bolýar. Ýurdumyz 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda özygtyýarlylygyny, 1991-nji ýylyň güýzünde bolsa Garaşsyzlygyny ykrar etdi. Şondan bäri ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmekde möhüm şert bolan döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamyny döretmek esasy wezipe bolmagynda galýar. Döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Ol halkyň geljegini kesgitledi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Uz barmaklaryň gudraty

Önüm bolçulygyna mynasyp goşant

Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde ýerleşýän «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda iri şahly mallar, guşlar idedilip, olardan bol önüm alynýar. Kärhananyň maldarçylyk fermasynda daşary ýurtlardan getirilen «Golştin» görnüşli sygyrlaryň 200-e golaýy, ýerli sygyrlaryň hem 100-den gowragy idedilýär. Bu ýerde häzirki wagtda sagym sygyrlardan her günde 1 tonnadan gowrak süýt alynýar. Sagym işleri doly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.

Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ösüşlere beslenen ajaýyp eýýamy. Geçmişi şan-şöhratly, şu güni beýik işlere ulaşan halkymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitiren ägirt uly işlerine buýsanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ummasyzdyr. Halkymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesini agzybir halkymyz uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Bu günki gün eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat ugurly desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň sany yzygiderli artýar. Taryhy döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarym

Üstünlikleriň gözbaşy

Türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna ýazylan iň ähmiýetli seneleriniň biri-de Garaşsyzlyk günüdir. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň her birimiziň köňül buýsanjymyzdyr, dillerimiziň senasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, ýurdumyz sebitdir dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşandyny goşýar. Watanymyzyň içeri hem daşary syýasatda eýeleýän orny dünýäniň täze taryhynda asylly ýörelge bolup, asyrlara ýol salýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşler Türkmenistany parahat, asuda, abadan ýurda öwürdi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, elektroenergetika, dokma senagaty, himiýa pudagy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär. Olarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet öýleri, stadionlar hem-de şypahanalar, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Netijede, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Çünki ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­dä­ki sag­lyk eda­ra­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamalary berildi.

Ça­ga­lar üçin sow­gat

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy ge­çi­ril­di

Yk­bal­lar­da şan­ly se­ne

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  1-nji sentýabr diýlende, göz öňüňe bada-bat şadyýan çagalardan doly ak mekdep hem-de goýnuna jemlenen uly-kiçi hemmeleriň kalbyny tolgundyryjy şatlykdan pürepürleýän «Ilkinji jaň» dabarasy gelýär. Häli-häzirlerem, mekdebi tamamlanyňa nije ýyllar geçenem bolsa, onuň deňinden geçeniňde hemmeleri joşduran şol jaň sesi biygtyýar gulagyňda ýaňlanýar. Şeýdip, haýsy kärde zähmet çekip, näçe ýyl ömri arka atandygyna garamazdan, ynsan üçin ylym-bilim dünýäsiniň merhemetli gapysynyň açylýan güni — 1-nji sentýabr ykbalyň iň şanly seneleriniň biri bolup, her ýyl millionlarça, belki-de milliardlarça adamyň göwün guşuny asmana uçuryp, gaýta-gaýta gaýtalanyp gelip dur.

Oka­dym diý­me, bil­dim diý!

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Oka­mak duý­gu­la­ryň iň go­wu­sy­dyr. Us­sat ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öm­rü­niň ýa­ry­sy­ny okap ge­çi­rip­dir­ler. Meş­hur fran­suz ýa­zy­jy­sy Şarl Lui Mon­tesk­ýe: «Ýa­rym sa­gat oka­mak bar gam-gus­sa­la­ry­my sü­pü­rip alyp gid­ýär» di­ýip­dir. Öz döw­rü­niň iň meş­hur tag­ly­mat­çy­sy, di­le­war­ly­gy bi­len ta­na­lan Jon Braýt ir­gin­siz oka­ma­gyň ne­ti­je­sin­de şeý­le de­re­jä ýe­tip­dir. Bel­li ne­mes şa­hy­ry Gýo­te bol­sa öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da: «Oka­ma­gy öw­ren­mek sun­gat­la­ryň iň ky­ny­dyr... Öm­rü­miň seg­sen ýy­ly­ny oka­ma­ga ba­gyş­la­dym, şon­da-da özüm­den göw­nüm hoş diý­sem, ýa­lan söz­le­di­gim bo­lar» di­ýip­dir.

Tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len

«7/24.tm»:№35 (222) 26.08.2024  Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.