"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Duşenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

4-nji aprelde Duşenbe şäherindäki “Kasri Millat” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.  Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy bilen duşuşdy

Duşenbe şäherinde resmi sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň başlygy Rustami Emomali bilen duşuşdy.  Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Täjigistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. 

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat — Duşenbe, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Ajaýyp sowgat

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe hem-de nurana geljegine buýsanjy egsilmezdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda hem Watanymyzyň şöhratly geçmişi baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatynda köp tagallalar edýän Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlarynyň täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berendigini belleýär. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky üçin ajaýyp sowgatdyr. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtaýşy ýaly bu kitap diňe taryhçylar üçin däl-de, Türkmenistan barada ygtybarly maglumatlara baýdygy sebäpli ähli okyjylar üçin gymmatlydyr, göwünleri galkyndyrýan ruhy çeşmedir.

Saglyk sahawaty — ynsanperwerligiň belent nusgasy

Şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen baglanyşykly ençeme sahawatly işleriň durmuşa geçirilendigi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu barada buýsançly bellenilýär.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat — Duşenbe, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp jümle bar. Munuň özi saglygyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň paýhas hazynasynyň dürdänesi bolup, sagdynlygyň diňe bir adamlar üçin däl, eýsem, döwlet üçin hem iňňän uly gymmatlykdygyny aňladýan hakykatdyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäherde, ýagny Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglygy goraýyş desgalary munuň aýdyň mysalydyr. Ajaýyp şäherimizdäki dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän bu desgalarda ilatyň saglygynyň dikeldilmegi we berkidilmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň biri-de Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşamagyny, saglygyny dikeltmegini, talabalaýyk dynç alyp, bedenini berkitmegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ýerleşýän ýeriniň howa-klimat şertleri, tebigy gurşawynyň amatlyklary we egsilmez baýlyklary bilen tapawutlanýan şypahanalary hut şeýle maksada gulluk edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan şypahanalar immuniteti pugtalandyrmakda, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, dowamly ýa-da hirurgiki bejergiden soň saglygy dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda şypahana hyzmatyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulýar.

Berkarar döwletiň belent sepgitleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge  gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Her bir ulgamda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän asuda we parahat döwlet hökmünde dünýädäki belent abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Şeýle hem şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Durnukly ösüş hepdeligine, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak, forumyň dowamynda «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli. «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

Ruhy päkligiň mizemez çeşmesi

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milletiň ruhy mirasynyň bölegi hökmünde ata-babalarymyzyň dini ynanjy her bir türkmen raýaty üçin gymmatlydyr. Türkmenistanda dünýewi döwletiň gurulmagy we onuň kemala gelmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, şeýle hem olaryň dine bolan garaýyşlaryna garamazdan, kanunyň öňündäki deňligini kesgitleýär. Esasy Kanunymyzda beýleki dinlere hormat goýmak, däp-dessurlary berjaý etmek, dine uýmak erkinligi meselesinde özara düşünişmegi ündeýän ýörite kadalaryň hereket edýändigini nygtamak zerur. Bu ýörelgeler dürli milletleriň arasynda agzybirligi saklamakda-da uly ähmiýete eýedir. Şunda esasy maksat ruhy taýdan sagdyn, adalatly jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr.