"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Öwrenmedigiňi öwretme

Goňşy aýal ogly bilen Jelaleddin Rumynyň ýanyna gelipdir. Zenan: — Oglum gereginden artyk gant iýýär, bu gowulyk däl, men näme etsem-de, bu gylygyny goýduryp bilemok. Sizi sylaýar, şonuň üçin siz oňa aýdaýyň muny — diýipdir.

Syntgylanan setirler

Çagalary okatmaly däl-de, olara okamagy öwretmeli. * * *

Şygryýet bossany

Arkadaga alkyşnama Paýhasy ýaň saldy jümle-jahana,Taryh içre görülmedik keramat.Ak ýol açdy beýik başlangyçlara, Sahawaty Hak nurundan alamat.

Kalbymyň soltany

Ýogsa-da, ene ýaly beýikligi, gymmatlygy, ezizligi şondan başga nämä deňäp bolar?! Kalbymyzyň mydama açyk duran penjiresinden hatda jyklasaň hem ondan ilki bilen enäniň nurana keşbi görünýär. Olaryň ornunyň kalbymyzyň töründe bolmagy bize dogry ýoldan ýöräp, durmuşda manylydan halal ýaşamaga mümkinçilik berýär. Ol keşp gijede-girimde azaşaýsak, säwlik goýberäýsek dogry ýola salýar. Eger-de, birden, büdräýsek bolsa, goltugymyzdan galdyrýar. Munuň özi, biz her näçe dogumly, berdaşly bolsak-da hemişe enäniň mährine, söýgedine, ruhy goldawyna daýanýandygymyzy aňladýar. Olary hatda düýşümizde görsek hem «Agşam düýşüme ejem giripdir...» diýip, ony ýagşylyga ýorýarys. Ondan egsilmez ruhy güýjüň gelýändigini duýýarys. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda milli ýörelgelerimiz bilen birlikde, enäniň güýji hakynda ýörite durlup geçilýär. Ol ýürek ýazgylary kitabyň «Ynsaplylyk» diýlip atlandyrylan bölüminde giňden beýanyny tapýar. Bu bölüm «Halkymyzda ynsap adamkärçiligiň iň gymmatly ölçegi hasap edilýär...» diýen sözler bilen başlanyp, onda ata-enäniň eýeleýän ornunyň iňňän ýokarydygy nygtalyp, has süýji sözler mähriban ejelerimiziň adyna gönükdirilýär. Şundan hem görşümiz ýaly, eje — ol ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, hemrasy, kalbynyň soltany... Bulary aýratyn nygtaýandygymyzyň sebäbi, bu bölümdäki gürrüňleri Gahryman Arkadagymyz enäniň güýji bilen baglanyşd

Ene mähri

Men indi her gün diýen ýaly saba-säher goňşymyzyň açyk penjiresinden eşidilýän owaza maýyl bolup diň salýaryn. Ol meni bütin durkum bilen özüne kökerýär. Eşidilýän aýdymyň owazy birsydyrgyn ýaňlanyp daş-töweregi lälezarlyga öwürýän ýaly. Ol aýdymy Annagül Annagulyýewa şeýle bir mylaýym sesi bilen aýdýardy weli, kalbym mähirden dolup gidýärdi. Ene janym, märibanym, Mähribanym ene jan.Saňa gurban şirin janym, Mähribanym, ene jan...

«Nowbaharym diýýändirin adyňa...»

(Hekaýa) Ol ýene-de milli muzeýiň bosagasyndan ätledi. Muzeý işgärleri häli-şindi görüp duransoňlar, onuň bilen halys öwrenişipdirlerem, bu ýerde täze sergi guralsa ýa-da eksponatlar täzelense, haýal etmän habar ýetirýärler. Habar düşeninden muzeýiň bosagasyndan ätleýän ilki şol. Aýtmasalar, muzeýde täzelik ýokdur, öňki-öňkülikdir. Ol şonda-da ýüregi gyssa, şu ýere gelýär. Ondan «Daýy, näme gözleýäňiz?» diýip, indi kän bir soraýan hem ýok. Ilki soran halatlary hemişe degşip: «Ata-babalardan miras galan gymmatlyklarymyzy synlap, görejimi çarhlaýaryn» diýen jogaby eşidensoňlar, şol bir sowaly berip, känbir biynjalyk edibem duranoklar. Özi hem käteler birbada näme üçin gelendigini-de aňşyryp baranok. Birdenem... käbir eksponaty synlap, ýatlamalara ulaşyp gidýär. Ýatlamalardan aýňalýar-da, ýene-de bir ýerlere barmalydygy ýadyna düşüp, sagbollaşyp, muzeýden çykýar gaýdyberýär. Gör, indi näçe gezekler şeýle bolýar. Wagtyny bihuda geçirýär diýer ýaly hem däl. Ol her gezek özi üçin bir açyş edýär, iň bolmanynda, özüniň ýakynlarynyň ömri bilen baglanyşykly ýatlamalaryň uşlybyny çözleýär. Ýatlamalar bolsa şol uzalyp gidip otyr, uzalyp gidip otyr. Mähribanlary bilen hyýalynda söhbetdeş bolýar, düşünmedik zatlaryny soraýar.

Parahatlyk aýdymy

Aýlar-ýyllar ösüşlere, berekede beslenip,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.Parahatçylyk ýolunda ýüreklerimiz seslenip,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arkadagly Watanymda jennet bagy döredi,Agzybirlik, parahatlyk hemme zatdan gerekli,Bu ýylym hem öňkülerden bolar has bereketli,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy

Ady ýüregiň töründe orun alan beýik kişiler hakynda galam işletmeli bolsaň, nämeden başlajagyňy bilmän, ýaýdanýan ekeniň. Magtymguly Pyragy hakynda şu makalany ýazmakçy bolanymda hem şeýle ahwalaty başdan geçirdim. 1975-nji ýyl bolaýsa gerek. Türkmenabat şäherinde edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Öwlüýäguly Ylýasow bilen gürrüňdeş bolmak miýesser edipdi. Şonda onuň öz ylmy ýolbaşçysy bolan akademik Baýmuhammet Garryýewe salgylanyp aýdan bir gürrüňi hiç ýadymdan çykmaýar.

Buýsanç

Gursagyň şuglasy, gaýrat sebäpdir,Toý gazany ojaklardan düşmesin!Ilim dokluk üçin harman eläpdir,Toý gazany ojaklardan düşmesin! Pälimize görä, Gudratlym, ýalka,Bu gün toý donuna beslenýär ülke, Rysgal-döwlet ýagar agzybir halka, Toý gazany ojaklardan düşmesin!

Beýik sungatyň aşygy

(Hekaýa) Haly sungaty, söwdasy bilen gyzyklanýan britaniýaly Greta hanym Mazenderanda duşuşanlarynda beren wadasynda tapylyp, Garly agsagyň kerweni bilen Garagum obasyna — Goçmyratlara geldi. Goçmyrat myhmanyny güler ýüz bilen garşylap, janly öldürip, söwüş etdi. Myhman berre guzynyň etinden taýýarlanan işlekliden iýip, onuň tagamyna, taýýarlanylyşyna haýran galdy. Greta hanym:

Daglardan ylham alyp, şygyrdan dag döreden

Baýram şahyr we Balkan dagy. Bu ikisini biri-birinden aýratyn göz öňüne getirmek kyn diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmasa gerek. Baýram şahyr diýlende, Balkan dagy göz öňüne gelýär, Balkan dagy diýlende bolsa, Baýram şahyryň keşbi hakydaňa dolýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Balkan dagyna gözüň düşende: «Aýdar Baýram, tilin bilseň,Şaglap iner bürgütleri» —

Sowuk heňler (Goşgular toplumy)

GYŞA ÝÜZLENME «Gyş gyşlygyny etmese, ýaz ýazlygyny etmez».Atalar sözi.

Dostluk köprüsi

MUSAKUN SATYBALDIÝEW.(Gyrgyz Respublikasy). GÖRESIM GELÝÄR

Ol obaly (Hekaýa)

Iki obanyň aralygy beýikli-pesli meýdandy. Ol ýerde, esasan, çagalar on-on bäş goýundyr geçilerini bakardylar. Bu ýerde iki-ýeke padadan galan sygyrlaram gezýärdi. Uzaklardan seleňläp görünýän Morgala bolsa obalaryň arasyndaky araçäk mysalydy. Eger Morgaladan aňyrda ýaşaýan bolsaň, saňa «ol obaly» diýýärdiler. ...Bu gün Morgala ýaly ýere çenli giden oglanjyk — bu ýeri çagalar üçin gaty uzak ýaly görünýärdi, ol obaly gyzjagazyň öz ýanyna gelmegini halamady. Eger onuň ýetip gelýänini öňräk gören bolsady, çekenesini sürüp, bu ýerden daşlaşmak bilen bolardy. Ol garasöýmez-ä däldi. Ýöne şu wagt ýeke bolasy gelýärdi. Ýaňyrak çekene bakýan oglanlar bilen aşyk oýnap, ählijesini utdurypdy. Olam bar keýpini gaçyrdy. Hasam kakasynyň ýakynda soýan öwejiniň aşygyny utduranyna gahary gelýärdi. Indi ertiriň özünde ony yzyna utup almasa, ynjalyp bilmez. Ine, birdenem bu gyzjagaz peýda boldy. Ol gelşine:

«Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigine

Arkadagly Aşgabat Bedew deý öňe barýar,Arkadagly Aşgabat!Beýik geljegi gurýarArkadagly Aşgabat!

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Häzirki wagtda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň ösüş ýollary dünýä ösüşlerinde öz ornuny tapmaga gönükdirilendir. Çünki ösüşiň mazmunynda her bir halkyň dünýä bagyş eden gymmatlygy geljek üçin döredijiligiň we paýhasyň ynamly sütüni bolup durýar. Şuňa degişli tymsalda bu şeýle beýan edilýär: «Üç sany dana goýry kölegeli agajyň aşagynda oturyp, adama geçmişiň, häzirki wagtyň we geljegiň haýsy biriniň has gereklidigini kesgitlemekçi bolýarlar. Hawa, şonda olaryň birinjisi:

Meşhur eserler

Kitap adamzadyň iň ýakyn syrdaşy hasaplanýar. Her bir adam öz ukyp-başarnygyny kitabyň üsti bilen kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda kitaba bolan isleg has-da ýokarlanýar. Şowly çykan kitaplar birnäçe dillere terjime edilip, dünýäniň okyjylaryna ýetirilýär. Çuň parasata ýugrulan kitaplar okyjylaryň arasynda baky ýaşaýar. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, dünýä edebiýatynda ähli döwürleriň iň gowy kitaplary barada käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Görnükli rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň «Anna Karenina» atly romany dünýä edebiýatynda iň meşhur eserleriň biri hasaplanýar. Roman ilkinji gezek 1878-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilýär. Bu romany meşhur ýazyjylar dünýä edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplaýar. Kitap iki tomdan ybarat. Romanda maşgala, nikalaşmak, oba we şäher durmuşy barada gürrüň berilýär. «Anna Karenina» romany ussat terjimeçiler tarapyndan birnäçe dillere terjime edildi. Mundan başga-da, roman esasynda birnäçe filmler, teatr we radio oýunlary ýerine ýetirilip halka ýetirildi. Roman birnäçe abraýly döredijilik baýraklaryna hem mynasyp boldy.

Esger haty

­­Düýşüme oglan bäbejigiň girmegi meni diýseň begendirdi. Ejem pahyr aýtmyşlaýyn, şeýle düýş hökman bir hoş habary getiräýmelidi. «Entek aýlyk geçmegine-hä ep-eslije gün bar. Tüweleme, goňşymyzyň toý sähedini alanyny çagalar düýn buşlady. Gaýynatasyna tiken akgaýmasyny dynandygyny aýdyp, gelnimiziň meni begendirenine ýaňy iki gün geçdi. Alla janym, elmydama begenenden bolubereli-dä, hernä!» diýip, içimi gepledip oturyşyma, birden ýadymy bir zadyň gyjyklaýandygyny duýdum. «Hatlar, gazetler» diýip, daşymdan seslendim-de, çaltlyk bilen poçta gutymyzy barlamaga howlukdym. Pagtaçylar aýtmyşlaýyn, «pagtadan depip doldurylan haltalar» ýaly diýdirýän bukja gözüm düşübem, düýşümiň oraşan gelendigine tolgunyp gitdim. «Şükür Alla, oglumdan hat gelipdir, esger balamdan hat gelipdir» diýibem, bukjany açmaga durdum. Göwnüme bolmasa, mähirlije balamyň ellän sahypalarynyň ýylysy meniň barmaklaryma geçip, ýüregimi eredýän ýalydy. Onuň mydam gülüp duran ýüzüni, merdemsi keşbini, göni seredýän göreçlerini ýatlap oturyşyma, hatlaryň bir däl-de, üçdügine göz ýetirdim. Dessine-de özüme degişlisini alyp, okamaga durdum. «Salam, mähriban käbäm! Ýagşymy taplaryňyz? Sag-aman işläp ýörsüňizmi, kakam, doganym, gelnejemdir jigilerim gurgunçylykmy? Maňa bu gözel dünýäni peşgeş berip, durmuşyň dogry ýollaryny öwredip, ösdürip ýetişdireniňize müň keren taňryýalkasyn aýdyp, siz bilen ýürek buýsançlarymy paýla

Kalba — ynam, köňle — ylham

Biz ýerine düşen islendik bir işi synlanymyzda: «Bäh, munuň üçin bu adam, gör, näçe zähmet çekendir» diýip içimizi gepledýäris. Aýal-gyzlarymyzyň nepislik bilen dokan halylary, suratkeşiň çeken ajaýyp suraty synlananda, teatrda artistleriň ýerine ýetirýän keşplerine tomaşa edilende, ýa-da gazetdir žurnallarda ýazylýan eserleri okalan pursadynda «Ine, hakyky ussat, tüweleme!» diýip, olaryň öz işlerine bolan höwesi üçin buýsanylýar. Her kim öz zähmet çekýän kärinde uly üstünlige ýetmegi, edýän işiniň jüpüne düşmegini arzuw edýär. Siz Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde trolleýbus konduktory bolup işlän Wiktor Lukýanowyň başdan geçiren wakasy hakynda eşidipmidiňiz?! Ol günde işine gelşikli geýimlerini geýip, uly höwes bilen gatnapdyr. Çagalardan süýjülikleri, işe barýan uly ýaşly adamlardan bolsa süýji sözlerini gaýgyrmandyr. Trolleýbusyň içini bolsa owadan güller bilen bezäp, işe gyssanyp barýan adamlaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusyny döredip, şähtlerini açmagy başarypdyr. Köp wagt geçmänkä bu täsin adam hakynda halkara syýahatçylyk kompaniýalarynyň biriniň eşitmegi we Wiktora öz kompaniýasynda stýuard wezipesini hödürlemegi bilen, indi ol öz şadyýan ýylgyryşy bilen syýahatçylary garşy alýar.

Täsin çözgüt

Günlerde bir gün gyzy kakasyna durmuş kynçylyklaryndan halys bolandygyny, olary çözmäge hiç hili güýjüniň galmandygy barada gürrüň beripdir. Ol göräýmäge bir meseläni çözdüm etse-de yzysüre ýene biriniň peýda bolýandygy hakynda kakasyna aýdypdyr.Gyzyň kakasy aşpez eken. Aşpez gyzyny öz ýany bilen aşhana alyp gelipdir. Kakasy üç sany gaby suwdan dolduryp, olary ýanýan oduň üstünde goýupdyr. Suw gaýnap başlan badyna gaplaryň birine ýeralma, ikinjisine ýumurtga, üçünjisine bolsa kofe atyp, olary gaýnatmaga başlapdyr. Gyzy kakasynyň näme düşündirjek bolýandygyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Kakasy ýigrimi minutdan soň gaplary otdan aýryp, ýeralma bilen ýumurtgany her haýsyny aýratyn gaba salyp, kofäni bolsa käsä guýupdyr. Aşpez bularyň üçüsini hem gyzynyň öňünde goýup, gyzym, sen näme görýäň? — diýip sowal bilen ýüzlenipdir. Ýeralma, ýumurtga we kofe — diýip, gyzy jogap beripdir. Kakasy gowy synlamagy we elläp görmegi haýyş edipdir. Gyzy ilki gaýnan ýeralmany elläp görende onuň ýumşandygyny duýýar. Ýumurtganyň gabygyny aýyrýar we onuň gaýnap, gatyja bolup, bişenini görýär. Soňra kakasy gyzyna kofäni içip görmegi soraýar. Gyzy hoşboý ysly kofeden içensoň, kakasyndan bu zatlaryň nämäni aňladýandygyny sorapdyr. Kakasy: